Jemgyýet

Jemgyýet
241 gün 21 sagat öň
Watanymyzyň gözelligi dünýäniň üns merkezinde

Asyrlarboýy öz dostlugy we myhmansöýerligi bilen tanalyp gelen türkmen halky bu däpleri nesilden-nesle geçirýär hem-de olar täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýäniň beýleki döwletleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

     Geljegi uly bolan syýahatçylyk ugry hökmünde hem Diýarymyzyň meşhurlygy artýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu nukdaýnazardan hyzmatlaryň we myhmansöýerligiň ýokary derejesi Türkmenistanyň «ýüzüniň tuwagyna» öwrülýär.

      Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, şäheriň merkezi künjeginde degişli abadançylyk, arassaçylyk işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, Diýarymyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilýär. Şäheriň çäklerinde ekilýän baglaryň, dürli gülleriň sany artýar, seýilgäh toplumlarynyň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň özboluşly keşbini has-da gözelleşdirýär.

      Şeýle hem merjen paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň milli binagärlik keşbine aýratyn üns berilýär. Şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde kemala gelýän binalar, ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäherlileriň ýaşaýşy we dynç almagy üçin amatly ýagdaýy üpjün edýär.

Selbi ÝAZDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000