Jemgyýet

Jemgyýet
241 gün 15 sagat öň
Dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady

Takmynan, 4000 inedördül kilometr meýdany tutýan äpet buz bölegi hereket edip başlady. Bu hakda «Euronews»-iň sözlerine salgylanyp, «Kazinform» agentligi ýazýar.

«A23a» ady bilen bilinýän dünýäniň iň äpet buz bölegi kontenentden 1986-njy ýylda aýryldy hem-de şu wagta çenli Weddel deňzinde hereketsiz ýatdy. Degişli hünärmenler aýsbergiň herekete geçmegini howanyň temperaturasynyň gyzmagy bilen düşündirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, geçen hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş Antarktida boldy. Iş saparynyň çäklerinde Baş sekretar ähli ýurtlaryň baştutanlaryny global temperaturanyň ýokarlanmagyny, iň bolmanda, 1,5 gradusa çenli çäklendirmek üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrdy.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000