Jemgyýet

Jemgyýet
240 gün 21 sagat öň
Halk bähbitli özgertmeler

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi.  Onda döwlet ähmiýetli birnäçe anyk meselelere garaldy. Hususan-da, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň aýdyň ýoluny nazarlaýan eziz Watanymyz bu günki gün halk bähbitli dünýä ähmiýetli netijeli işleri durmuşa geçirýär. Türkmen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda amala aşyrylýan beýik işler umumadamzat bähbidine gönükdirilendir.   

Şunda Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi we olar yzygiderli amala aşyrylýar.

Halkyň halyny döwletiň esasy sütüni hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýokarda agzalan Kanunlaryň taslamalary boýunça tekliplerini nazara alyp, Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Mejlisde nygtalyşy ýaly, Döwlet býujetiniň esasy bölegi aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna, bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdiriler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, şeýle-de Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda degişli Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ähli pudaklary okgunly ösdürmegiň we maýa goýumlary çekmegiň, döwrebap bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek, durmuş ugurly döwlet syýasatyny goldamak geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda nebitgaz pudagy, obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagaty ýaly ugurlar mundan beýläk-de ösdüriler.

Nobatdaky bu maslahat ýurdumyzda halkyň hal-ýagdaýynyň ösdürilýändiginiň, halkara jemgyýetçilik bilen syýasy dialogy üstünlikli giňeldýändiginiň, daşary ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ýyjamlaşdyrýandygy, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dürli ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Janabaý Şyhyýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000