Jemgyýet

Jemgyýet
240 gün 18 sagat öň
Moskwada 160 sany emeli buzda typylýan meýdançalaryň açylyş dabarasy bolar

Şu gün, 29-njy noýabrda agşam Russiýanyň 160 sany emeli buzda typylýan meýdançalarynyň  açylyş dabarasy bolar. Dabara Moskwa şäherinde geçiriler. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Gyzyl meýdançadaky buz düşekleri her gün sagat 09:00-dan, 23:30-a çenli açyk bolar. Onda  her tapgyr bir sagat dowam eder. Mundan başga-da, buzda typmagy halaýanlar üçin dynç günleriniň ilkinji dört tapgyry mugt bolar.

10-njy dekabrdan 25-nji fewral aralygynda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Alina Zagitowa buzly meýdançada dürli gimnastika sapaklaryny geçirer. Hepdäniň şenbe günleri bolsa myhmanlar hokkeý oýnamak üçin mümkinçilik alyp bilerler. Bu ýurduň Çagalar hokkeý mekdebiniň tälimçileri tarapyndan geçiriler.

Buz meýdançasynyň gapdalynda Täze ýyl ýarmarkasy açylar, bu ýerde gyş naharlaryny dadyp we ýadygärlik sowgatlaryny satyn alyp bolar.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000