Jemgyýet

Jemgyýet
159 gün 1 sagat öň
MATEMATIKI MODELIRLEME BOÝUNÇA GEÇIRILEN DERS BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirleme boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

DIM-niň HGI-iň halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Ders bäsleşiginiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň 30-sy baýrakly orunlara eýe boldy.

7 sany birinji orny:

— Muhammet Amandurdyýew we Ýupar Egirjäýewa (Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty);

— Bähbitgeldi Gurtlyýew (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty);

— Ýalkapberdi Baýlyýew, Şöhrat Baýramow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty);

— Ramazan Nurýagdyýew (Türkmen oba hojalyk instituty);

— Tagandurdy Meredow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty) dagy eýeledi.

Ikinji orunlaryň 11-si we üçünji orunlaryň 12-si ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna berildi.

Çeşme: www.iirmfa.edu.tm

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000