Jemgyýet

Jemgyýet
57 gün 22 sagat öň
«Müň many söz diýseň...»

   Ynsanyýetiň iň gözel adamkärçilik sypatlary jemgyýetimiziň ähli zatdan başda durýan kada-kanunlarynyň biridir. Her bir şahsyýetiň adamkärçiligi, edep-terbiýesi adamzat nesliniň iň bir gymmatly ruhy baýlyklarynyň ilkinjileriniň biridir. Asylly gylykly, edepli, sözünde ygrarly, lebzi halal, ynsanperwer duýgulara eýlenen watansöýüji nesiller — hemmeleriň guwanjyny artdyrýar, buýsanjyny goşalandyrýar.

    «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen gyzyla gaplaýmaly sözleri sargan pederlerimiz hem perzent terbiýesini ähli zatdan başda goýupdyr. Dana atamyz bolsa il-güne ýaramly, sylag-hormatly, gepi-sözi ýerindäki perzendiň nirede bolsa-da edep-ekramyndan özüni tanadýanlygyny täsirli sözleri bilen şygra geçiripdir. Il-günüňi sylamak, hormatlamak hakda akyldaryň «At ýanynda bellidir» atly goşgusynyň:

- Oglanlykda bilmez idiň, beg idiň,

Ýamana hiç ýokmaz sözüň-öwüdiň,

Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň,

Edebinde, erkanynda bellidir – 

diýen setirlerinde aýdyň görýäris. Perzentleriniň pähime ýugrulan pendi-nesihatlary öwrenip, ynsan şekilli ynsan bolup, ilhalar ynsanlaryň hatarynda ile goşulyşmagy her bir ene-atanyň arzuwy. Bagtyýar zamanada ýaşaýan her bir maşgalanyň nowjuwan perzentleri ata Watanymyzyň geljeginiň daýanjydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, ula-kiçä sylag-hormatly, Watana wepaly şahsyýetler bolup kemala gelmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, çagalar baglarynyň döwrebaplygyna, iň esasy zat bolsa, nesil terbiýesine örän uly üns berilýär.

    Dana akyldarymyzyň ýiti paýhasyndan dörän, bahasyna ýetip bolmajak pentlere ýugrulan şygyrlary ýaşlaryň aň kämilligine ýetmeginde uly ähmiýete eýedir. Bilim derejämizi artdyryp, geljekde ady dünýä dolan Diýarymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşmagy öňümizde baş maksadymyz edip goýýarys. Ýurdumyzda erkana okap, ýokary bilim alyp, halal zähmet çekmegimiz, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegimiz üçin atalyk aladalaryny edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin!                      

Mähriban GELDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

30.05.2024

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000