Jemgyýet

Jemgyýet
57 gün 20 sagat öň
Beýik hormatyň nyşany

   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalara baý ýyllaryň biri bolup dowam edýär. Ine, ýakynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, ençeme halkara maslahatlaryň, forumlaryň we beýleki baýramçylyk çäreler yzygiderli geçirilýär.

 Golaýda bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda Köpetdagyň gerşinde Döwlet Baştutanymyz Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň bolmagy aýratyn buýsandyryjy şanly seneleriň biri boldy.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi bolsa dünýäde öçmejek yz goýan şahsyýetlere goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr.

   Bagtly duýgulardan göwünleriň gaýnap-joşýan zamanasynda Diýarymyzda okamaga, döretmäge, işlemäge giň ýol açýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerimizi aýdýarys.  

Arslan KAKAJANOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

30.05.2024


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000