Jemgyýet

Jemgyýet
57 gün 19 sagat öň
Hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty rowaçlanýar

 Bagtyýarlygy beslenip, gün-günden gülläp ösüşleriň aýdyň menzillerini nazarlaýan döwletimiz milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň köpugurlylygyny gazanmak, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde we amala aşyrmakda BMG-niň ähli düzümleri bilen işjeň aragatnaşygy ýola goýýar. Hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we beýlekiler bilen sazlaşykly işleri yzygiderli alyp barýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanylmagy Watanymyzyň taryhynda iň bir şanly wakalaryň biri bolup, kalbymyzyň buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Dünýä ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary nesillere ýol-ýörelge bolup durýan Milli Liderimiziň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen taglymatyny durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri, adalatly syýasaty mundan beýläk-de rowaçlansyn, bütin dünýäde dabaralansyn!

Dursun MERGENOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

30.05.2024


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000