Jemgyýet

Jemgyýet
51 gün 1 sagat öň
Gözelligiň binagärlik nusgasy

     Dünýä şäherleriniň arasynda paýtagtymyz Aşgabat öz gözelligi, nuranalygy bilen taryha girdi. Aşgabat öz nurly durky bilen Türkmenistany dünýä ýüzünde şöhratlandyrýar. Ak mermerden bina bolan ýurdumyzyň binagärlik gurluşyk-arhitekturasy babatda nusgalyk derejä, uly ösüşlere eýe bolýar. Belent-belent binalar, täze ýaşaýyş jaý toplumlary, «Sebitiň binagärlik merjeni» diýlip, atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň bezegidir.

  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 17-nji maýda güni agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde

hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bolsa bütin dünýäde  iň bir ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri boldy. Akyldar şahyrymyzyň Köpetdagyň belent gerşinde howalanyp duran belent ýadygärligi paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlygyna has-da ajaýyp, özboluşly  gözellik goşdy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda bolsa Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik şahsyýetlere goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

06.06.2024

 

 

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000