Jemgyýet

Jemgyýet
50 gün 13 sagat öň
«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

    Günsaýyn gözelleşýän paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň owadan paýtagtlarynyň, ekologik taýdan arassa, ýaşamaga amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şäher ilatynyň we myhmanlarynyň oňaýly ýaşamagy, önjeýli zähmet çekmegi üçin amatly daşky gurşawy we şertleri döretmek, göwnejaý dynç almak hem-de boş wagtyňy peýdaly geçirmek ýaly şertleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

 Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllynyň uludan toýlanylýan bu şanly ýylynda ýurdumyzda täze-täze ymaratlaryň, desgalaryň ençemesiniň açylmagy bolsa has-da guwandyryjydyr. Şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Köpetdagyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy dünýä ähmiýetli taryhy wakalaryň biri boldy. Elbetde, Milli Liderimiz hem özüniň çuň pýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini taryplap, türkmen halkynyň beýik akyldarymyza goýýan hormat-sarpasyny has-da beýgeltdi. Şol dabaraly pursatlarda bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goşgusyndan bölegi okamagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,

Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.

Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,

Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

   Bellenilişi ýaly, bu setirler Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýýan aýratyn hormatyndan nyşandyr. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr.

Bu günki gün Arkadag paýhasyndan bina bolan gözel paýtagtymyzyň nurana görküni görmäge göz gerek. Göwünleri galkyndyrýan bu gözelligi synlap bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyň artýar.

 Diýarymyzy dünýä derejesinde özgertmek, ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

06.06.2024

 

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000