Publisistika

Publisistika
208 gün 19 sagat öň
«Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine»

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi açylmaga taýýarlanýar. Häzirki wagtda ýadygärlik toplumynda bejergi we timarlaýyş işleri alnyp barylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň beýik häsiýetlerini, asyllylyk, ynsaplylyk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, halallyk, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän ýaş nesilleri kemala getirmek döwrümiziň möhüm meseleleriniň biridir. Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde anyk wezipeler goýulýar. Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ömür ýoly bolsa ýaşlar üçin nusgalyk ýol saýylýar. Halkymyz özüniň hem-de ýaş nesilleriniň ahlagyny türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öwüt-ündewlere laýyk terbiýelemäge çalyşýar. Bu bolsa halkymyzy milli terbiýä ýugurýar. Milli terbiýä ýugrulmak bolsa beýik adamkärçilik sypatlaryny güýçlendirip, kämil şahsyýetleriň döremegine getirýär.

 

«Magtymguly hem taryhdyr, hem hakykatdyr»

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pelsepä ýugrulan bu dürdäne setirlerinde beýan edilýän pikirde uly many bar. Türkmeniň taryhyny, dilini, dinini, ahlak sypatlaryny, beýik häsiýetlerini döredijiliginde wasp edip, geljekki nesillere ýetirmekde, türkmeni türkmen hökmünde dünýä halklaryna tanatmakda Magtymguly Pyragy beýik eserleri bilen görelde görkezen şahyrdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň ykbaly galkynýar, terjimehaly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynyň halkymyza gowuşmagy bolsa şahyryň döredijilik dünýäsine ýagty nur çaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň goşgy setirlerinde belleýşi ýaly, şahyryň döredijiligi, ömür ýoly has-da giňden öwrenilip, onuň adynyň we döredijiliginiň ebedileşdirilmegi boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Doglanyna üç asyr geçendigine garamazdan, Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi. Çünki şahyryň döredijiligine halkymyza bolan çuňňur söýgi hem-de mizemez ynam siňipdir.


Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäher geňeşiniň bölüm müdiri.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000