Publisistika

Publisistika
132 gün 15 sagat öň
HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar.

Keýt Ferrassi,

«Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

 Birinji düzgün. Öz toparyňyza kimiň degişlidigini anyklaň

Wezipe häkimligi kesgitlemeýär, häkimlik täsir etmäge şert berýär. Emma islendik wezipede bolsaňam, guramaçylygyň dürli basgançagynda ornaşsaňam, töweregiňizdäki adamlara mylakatly bolup, işiň bähbidine çapyp, biznesi ösdürip täsir edip bolýar. Biz taryhy döwrüň kesgin çatrygynda, iş hakyndaky öňki köküni çuňa uran düşünjelerimiziň özgerýän zamanasynda ýaşaýarys. Işgärleriň biri-birini goldamagy, üstünliklerine hem begenjine şärik bolmagy üpjün edip biljek dürli-dürli iş orunlaryny döretmeli. Gysgaça aýtsak, şu gün bize bilelikde beýgelmegiň gadyryny bilýän we sarpalaýan gurama, edara gerek.

 

Mindi Grossman,

«WW International» kompaniýasynyň baş dolandyryjysy.

Sendi diýseň gamgyn hem gaharly görünýärdi. Ol maňa: «Şu işe girip ýalňyşypdyryn. Bu ýerde iş ýöredilişi bolar ýaly däl. Rysarlary ýok diýmeseň, duranja bir «Tagt üstündäki oýunlar» bar-da.

Sendi Çikagodaky umumymilli bankyň işgärler boýunça direktory bolup işe başlanda, birtopar meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne bu meseleler Sendiniň iş wezipesiniň garamagyna girmeýärdi. Üstesine-de, ony kejikdirýän zat edaranyň işgärleri üçin merkezleşdirilen maddy höweslendirmeler boýunça bir taslama bardy, ony-da dolandyrmagy özüne tabşyrylmagydy. Işe täze başlan Sendiniň edaranyň söwda bölümini ösdürmäge şahsy goşant goşmaga meýillidigini, bu iş babatda meýilnama düzendigini başlygy aňdy. Soň bolsa ol bankyň beýleki bölümleriniň hem şeýle täzelikleri girizip ugrasalar, işgärler bölüminiň abraýynyň pese düşüp, bu bölümiň zerurlygynyň aradan aýrylyp biljekdigi hakda oýa batdy. Eger bu, hakykatdanam, şeýle bolaýsa, işgärler bölümi maddy höweslendirmeler üçin merkezleşdirilen taslamanyň serişdelerini näme etmeli diýen sowal ýüze çykjagy görnüp dur. Emma Sendiniň başlygy bankyň söwda bölüminiň başlygy bilen gapma-garşylyga girip, çaknyşasy-da gelmeýärdi. Ol biraz wagt pikirlenibem, söwda bölüminiň başlygynyň orunbasary we operasion bölümçäniň başlygy bolan Jeýni öz pälinden gaýtarmagy Sendiden haýyş etdi. «Bu teklibi dörän ýerinde bogup öldürmeli» diýip, ol Sendiniň ýüzüne çiňerildi.

Emma Sendiniň Jeýne görkezme bermäge hiç hili ygtyýary ýok. Şonuň üçinem Jeýniň öz bölüminiň dördünji çärýekdäki satuwyny ýokarlandyrmaga meýilnama gerekdigini nygtamagyna asla geň galmady. Sendi özüni çykgynsyz ýagdaýda galan ýaly, juda oňaýsyz duýdy. Emma özüne ynanylan işiň hötdesinden gelmese-de, başlygy nägile boljak. Indi näme etmeli?

Sendi meniň tanaýan ýaş top-menejerlerimiň iň naýbaşylarynyň biridi. Biz Sendi bilen birnäçe ýyl ozal, «Ferrazzi Greenlight» tarapyndan onuň öňki işi bilen baglanyşykly taslamany ýerine ýetirenimizde tanşypdyk. Çikagoda işgärler bilen işleşmek boýunça meniň leksiýa bermeli günüm Sendi leksiýadan öň maňa günortanlyk naharyny bile edinmegi teklip etdi. Uly höwes bilen razy boldum. Men ýene birnäçe adamy nahara çagyrsam-da, olaryň birem gelip bilmedi. Şeýdibem, Sendi ikimiz bir stoluň başynda ýüzbe-ýüz oturdyk.

Entek bize nahar getirip ýetişmänkäler, Sendi käsedäki çaýyna buz atyp oturyşyna işini täzelemegiň pikirini edýändigini mälim etdi. «Men bu ýerde gerekmi-gerek dälmi, muny-da bilemok» diýip, gussa çöken gözlerini bir nokada dikip, gyrpman oturdy. Men welin Sendiniň gowy ýolbaşçy hökmünde ýokary wezipä-de, ýokary zähmet hakyna-da mynasypdygyny gowy bilýärdim. Ozalky iş ýerindäki işgärler Sendiniň öz arkalarynda dag ýaly bolup durýandygyny bilensoňlar, ol hemişe toparlaýyn üstünligi garaşylyşyndan hem artyk gazanýardy.

Sendi Jeýn sebäpli dörän ýagdaýa gaty kejigýärdi. Başlygyň hem bar agramy üstüne atandygy zerarly, özüni bu meseläniň pidakäri hasaplaýardy. Bilýäňizmi näme, onuň zeýrenji maňa gaty tanyş göründi. Boýnumyza almaly bir hakykat bar, köp edarada iş ýöredilişi ynsap hem ahlak tarapdan alnanda juda ýowuz bolup, iň bir talantly, ugurtapyjy işgärleri-de pidakäre öwürýär. Meselem, «Starwood» kompaniýasynyň täze prezidenti meniň marketing boýunça direktor wezipämiň ygtyýaryndaky býujete erk etmekden aýranynda, özümi nähak jebir çeken hasap edipdim.

Mende Sendä berere sowal kändi: «Maddy höweslendirmäniň tüýs söwda bölüminiň işgärlerine laýykdygyna anyk kepil geçýärmiň? Bu, hakykatdanam, olara dördünji çärýegiň netijesini gowulandyrmaga ýardam eder öýdýärmiň?» Sendi anyk kepil geçip bilmeýändigini, aslynda, munuň öz işi-aladasy hem däldigini aýtdy. Gowy satuw — bu bölümiň öz degişli işi. Söwda bölümi bolsa eýýäm näçenji ýola tamany ödemändir. Sendiniň bolsa öz işi-de ýetik. Sebäbi oňa işgärler bölümi üçin mobil goşundyny taýýarlamagy-da tabşyrypdyrlar, onuň ýerine ýetirilişi bolsa möhletinden ep-esli gijä galypdyr. Beýleki bölümleriň işgärleri ýygnaklarda Sendiniň taýýarlan mobil goşundysynyň dizaýnyny her hili bahana tapyp tankytlapdyrlar. Gürrüň berşine görä, öz garamagynda bolmadyk adamlar onuň jogapkärçiligindäki taslamanyň amala aşmagyny bökdemek isleýärler.

Öz toparyňyzyň işi ugrunamy?

Men Sendiden soradym:

– Öz toparyňyzyň işi nähili?

– Beýlekileriňem ýagdaýy meňkiden öwerlik däl, hemmesiniňem keýpi ýok. Meni gowy tanaýaň-a, şonda-da olary gorajak bolup çyr-çytyr men.

Men sowalymy gaýtaladym:

– Bu şeýledir, ýöne seniň toparyň işleri nähili?

Meniň tälimçilik usullaryma belet bolansoň, Sendi ýylgyrdy.

– Oýun edýäňmi, Keýt? Olaryň işiniň nähilidigini men şu wagtjyk aýtdym ahyr.

– Meni diňle, men seniň bilen özüň hakda hem seniň iş abraýyň hakda tüýs ýürekden alada edýän adam hökmünde gürleşýärin. Şu wagt seniň meseläň hut şol işi amala aşyrjak topar bilen ýüze çykyp dur. Bu barada sen gümanam edýän dälsiň.

– Goýsana. Haýsy topar hakda aýdýaň?

– Seniň hakyky toparyň maksada ýetmegiňe dahyly bolan ähli adamlardan ybaratdyr.

Edil beýleki menejerler ýaly, Sendi hem öz toparyny iýerarhiýa görnüşinde garamagynda bolan işgärlerden ybaratdyr öýdýärdi. Indi ol özüne tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmekde has uly päsgelçilikleriň öňünde durandygyny gördi, lider hökmünde meselä has inçe seretmelidigine düşündi. Bu päsgelçiliklerden geçmegiň ýeke ýoly bardy — Sendi öz garamagynda bolanu-bolmadyk ähli işgärleriň pikirini, teklibini diňläp, ykrar edip, öz toparynyň ençeme adamdan ybaratdygyny boýun almalydy.

Men Sendä kabul edilmesi kyn bir teklibi aýtdym. Ondan öz garamagyňda bolmadyk adamlardan jemlenen topary emele getirip, olary işe höweslendirip, has gowy netije alyp bilermiň diýip soradym. Şol sanda, söwda bölüminiň işgärlerini-de öz toparyňda hasaplap, olary-da meseläniň çözgüdini tapmaga höweslendirip bilermiň diýdim. Esasy niýetim, Sendiniň pikirlenişini üýtgedip, özüni jebir çeken adam hökmünde däl-de, lider hökmünde duýmagyny gazanmakdy.

Häzirki döwürde her bir iş ýerinde ol ýa-da beýleki bir ofis syýasatyndan zelel çekilýär. Näme etmeli? Özbaşyňa topar döretmeli, ýagny garamagyňda bolmadyk adamlara lider bolmaly. Gysgaça aýtsak, wezipesiz lider bolmaly. Ine, şu-da kitapda beýan edilýän täze zähmet kodeksiniň binýady. Bir zada düşünmegiňiz gerek, öňüňizde duran her bir maksada ýetmek üçin, özüňize tabşyrylan işi ýerine ýetirmek üçin resmi ýagdaýda size boýun adamlardan has köp işgärlere lider bolmalydygyny unutmaň. Maksadyňyz näçe uly bolsa, şonça-da liderlik döwräňiz giň bolmaly, ol adamlaryň her birini özüňize dahylly diýip kabul etmeli.

Biziň köpimiz özümize diňe resmi ýagdaýda bellenen toparlaryň öňünde jogapkärçilik hem borçlulyk duýýarys. Şol topara girýän kişileri-de, dogrusy, işimiziň şowly günlerinde goldaýan bolaýmasak. Hawa, biz olara hemişe ýardam bermegiň, işinde üstünlik gazanmagyň tarapdary.

Ýöne indi öňki gowşak gurluşly iş dünýäsi ýok. Iş toparlary biri-biri bilen has ysnyşykly gatnaşykda bolmak isleýär. Biz toparymyzyň täze agzalaryna-da, hatda entek toparymyza goşulmadyk adamlara-da deň derejede üns bermeli, idemeli, birek-birege ygrarly bolmaly. Şu günki günde üstünlige ýetmegiň ýeke-täk ýoly hem şudur.

(Dowamy indiki sanymyzda).

Terjime eden: Seýitmyrat Geldiýew.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000