Publisistika

Publisistika
197 gün 17 sagat öň
Sazlaşykly ösýän ulgam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlaşdyrmak babatda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine häzirki wagtda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we sanlaşdyrylmagy uly ösüş görkezijilerini gazanmaga ýardam edýär. Hususan-da, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän özgertmeler halk hojalygynyň kuwwatynyň has-da artmagyna itergi berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligi barha ýokarlandyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan ylymda, bilimde, ykdysadyýetde dürli ugurlarynda, medeniýetde, sungatda, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlarymyza döwletimiz tarapyndan giň goldawlara eýe bolýarlar. Häzirki wagtda özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýan watanymyzyň wepaly zähmetsöýer nesilleri kemala gelýär. Şunda geçen ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna 140 sany ýaşlaryň eýe bolmagy munyň aýdyň şaýady bolup durýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň kärhanalarda giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy dünýäniň globallaşýan döwrüne doly kybap gelýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim ulgamy hem döwrüň talabydyr. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär.

Şeýlede ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän, dürli okuw mekdeplerinde bilim alýan, aýratyn tapawutlanan ýaşlarymyzy her ýyl Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem talyplarynyň şol arzyly baýraga mynasyp bolmaklary biziň başymyzy göge diredýär, işimize bolan höwesimizi artdyrýar. Şeýle bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmekde biz mugallymlaryň öňünde uly wezipeler durýar. Biz hem ýeri gelende, şol arzyly möhüm borjy mynasyp ýerine ýetirmek üçin döredijilikli zähmetimizi gaýgyrmarys.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Muhammetguly Annaýew,

 

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika

institutynyň mugallymy Kompýuter ulgamlary we torlary

kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000