Publisistika

Publisistika
154 gün 19 sagat öň
Oýtakda — gawun, dagda — sogan gyzylarbatly bakjaçylaryň harmanynyň buşlukçysy

Eşidensiňizem, görensiňizem, «Bazardan bal akýar» diýilýän mahalda, gök-bakjanyň leýs ýetişen döwri «Gyzylarbadyň gawuny», şonuň gapdalyna goşulybam, «Oýtakda biten gawun» diýilýänini. Ýogsamam Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna nesibäňiz çekse, Bamydan ötüp, Zaw obasynyň çägine girseňiz, tä Berekede çenli aralykda gawun-garpyz harman bolup durandyr. Hemmesem Gyzylarbatda biten, oýtakda bişen gawun-garpyz, kädi, käşirdir...

Bitýän atyzyna baryp göräýseň! Daýhan azabynyň bereketbaşy hasaplanýan toprak bilen birleşende, atyz dolduryp ýatan gawun, garpyz, kädi, kelem, käşir, sogan, sarymsak, pomidor, bulgar burçunyň... ýetişişini görüp, göwün guşuň ganatlanyberýär. Etrap boýunça ýeralmanyň 1395 gektar, s o g a n y ň 950 gektar, pomidoryň 350 gektar, hyýaryň 30 gektar, käşiriň 290 gektar, kelemiň 130 gektar, garaz, bakja ekinleriniň jemi 2120 gektarda ýetişdirilýändigi daýhan aladasynyň tutumynyň nähili gerimlidiginden habar berýär. Munuň üstüne noýbanyň hem 50 gektara, gawun-garpyzyň, kädiniň hem 300 gektardan gowrak ýere ekilendigini goşsaň, harmanyň nähili beýik bolmalydygy düşnükli bolýar duruberýär.

Tüýs «Tüweleme!» diýdirýän buşluk bolsa, Gyzylarbat etrabynyň diňe bir Balkan welaýatynda däl, eýsem, tutuş ýurdumyz boýunça 2024-nji ýylda bugdaý tabşyrmak boýunça döwlet tabşyrygyny ilkinjileriň biri bolup berjaý edendigidir. Şeýlelikde, 25 müň 500 gektar meýdandan ýygnalan guşgursak däne häzir 43 müň tonna golaýlap barýar. Şunda daýhan birleşikler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň-da harmana önjeýli goşant goşandyklary diýseň buýsandyryjydyr. Etrapda daýhan hojalyklarynyň 216-sy, kärendeçileriň hem 1300-si bar. Ylaýta-da, «Batly gadam» daýhan hojalygynyň 26 müň tonnadan gowrak ak bugdaýy harmana getirendigi hususyýetçilerdir mülkdarlaryň topraga hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebini döredibilýändiginden habar berýär.

Biziň bilen gelip salamlaşan uzynakdan inçesagt ýigidiň ýüzi tanyş göründi.

— Hormatly Prezidentimiz mundan sanly gün ozal Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, biziň etrabymyzyň «Arkaç»

daýhan birleşiginiň çägine gelipdi. Şonda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla oragyna pata berende, biziň bilen gürrüňdeş bolup, kärendeçi daýhanlaryň hal-ahwallary bilen gyzyklanypdy. Şondan ruhlanyp eken 64 gektar ýerimiziň aglaba böleginde orum işlerini geçirdik. Şu duran 8 gektarlyk ýeriňizde görýänsiňiz, «CLASS» hem-de «John Deere» kombaýnlary haýdap ýör, nesip bolsa, oragy şu gün agşama çenli tamamlarys. Her gektardan ýygnalýan bugdaý bolsa 45 sentneri tegeleýär. Yzyna aralyk ekinlerden käşir, kelem ekmek aladamyz bar. Güýzde olary hem ýygnap, yzyna ýene bugdaý ekeris – diýip, Annaguly Annagulyýew buýsanja gaplanyp gürleýär.

Gök-bakja ýetişdirýänleriňem aglaba bölegi hususyýetçilerdir ýere kärende esasynda eýelik edýän daýhanlar.

Garagum derýasynyň gaýra etegindäki «Bäş tam» diýilýän meýdanda heniz kombaýn girmedik bugdaýlyk hem, dyza ýetiberen, eýýäm ikinji suwdan gandyrylan gowaçaly kartalar hem, ýorunjalyk hem bar. Ine-de, uly ýabyň tirsek berýän ýerinden çepe öwrülýäň weli, joýa-joýa bolup ýatan pomidorly atyz gözüňi egleýär. Onda-da nähili?! Dört töwereginde Garagumuň guba çägeleri geriş-geriş bolup ýatan meýdanyň göm-gök öwüsýän ýerinde bedre-bedre hasyl ýygnalýar. Çog gyzyl, özem aýaňy dolduryp duran pomidorlaryň ysy burnuňa uranda, agzyň suwaryp gidýär.

— Şu meýdan 5 gektarlyk, martyň ortasynda ekilen pomidorlar ýetişdi, häzir bazarlara hem, «Miwe» döwlet birleşigine hem günde onlarça tonna ugradylýar. «Ýer — bereket» diýleni. Kärende esasynda ekilen meýdanyň her gektaryndan 250 sentner, anyk aýdanda, 25 tonna hasyl ýygnalar tamasy bar. Ýerli sort, özem juda hasylly hemem gözegelüwli, häzir barsaňyz, Gyzylarbadyň bazarynda gök-bakja başga ýerlere seredeniňde arzandyram, bolduram. Gum içinde pomidor, hyýar, bulgar burçy bitýän bolsa, indiki ugrumyz dag etegine. Ol ýerde gerşiň ýüzüne ýaýlyp gidýän sogançylygy, kelemi, käşiri görersiňiz – diýip, etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň esasy hünärmeni Guwanç Täçmyradow gysgaça düşündiriş berýär.

Tomsuň jöwzasy dik depä çykyp ugran uçurlary Köpetdagyň gaýra etegindäki baýyrlaç düzlük gum içindäkiden salkynlaç ýaly. Ýöne zähmetiň «gaýnaýşyny» görseň, daýhan aladasyna tükenme ýokdugyna ýene bir öwre magat göz ýetirýäň.

Biz demir ýoldan ep-esli ilerik geçip, soganyň aňyrsyna göz ýetmeýän meýdanynyň gyrasynda saklandyk. Bu ýerler «Goç» daýhan birleşiginiň dag etegindäki ekin meýdanlary. Tomusky meýdan işlerine laýykat geýnen daýhan Şamyrat Soltanow eken. Orta boýluraga-da, kakçekge, çakgan hereketli adam bili bekänden bäri, has anygy, 20 ýyldan gowrak daýhançylyk edýändigini, ekiniň haýsy bolanda-da gypynç etmän ýapyşybilýändigini, ýöne aglaba gök-bakjanyň tohumyny topraga taşlasa, «eliniň geliberýändigini» alçaklyk bilen agzady.

— Şu meýdanlar dag ýapgydynda. Ýer beýle bolanda, ekin ekmegiňem, bejergi geçirmegiňem öz aýratynlygy bar. Ylaýta-da, baharda gelýän sil suwlaryndan, bol ýagşyň böreň-böreň döredýän akymyndan ekini saklamagyň ebeteýini bilmeli. Munuň üçin gerek bolsa ekiniň daşyndan aýlanýan, şeýdip, sil suwuny, agyr ýagan ýagşy ekine zyýansyz edýän ýap gazmagyňam azabyndan gaçmaly däl...

Şeýle diýip, işine çulumdygy hereketindenem mesaňa bolup duran daýhan eglip, bir düýp sogany goparýar. Çaga ýumrugyndan sähel kiçeňräk sogan ideginiň ýetendigini, ýeriň mesdigini aňladýan ýaly, ýaşyl baldagyny ýalpyldadyp, kökleriniň uzynlygyny bolsa seçelenip durşundan aňdyryp, gözüňi egleýär.

— Türkiýeden getirilen tohumdan ekdik. Jemi 45 gektar, serediň, tä daga ýetýänçä ýap-ýaşyl bolup ýatandyr. Edil häzir köwläýmelidr öýdäýmäň. Indi muny nesip bolsa, awgustyň ahyrynda — sentýabryň başynda ýygnarys. Ekilen wagtynam aýdaýyn, fewralyň 15-ine tohum taşladyk. Yrýa bolman gögerdi. Ýogsam şu 15 gektarlyga birinji gezek ekişimiz. Öň beýikli-pesli ýatan ýerdi, düzledik, dökünini ýetirdik, gandyryp suwardyk. Küpürsäp ýatan ýer ekin küýsäp giden ekeni. Sogan, ýeralma boz ýeri, özem toýunsow däl-de, çägesöw topragy halaýar. Sebäbi toprak astynda hasyllaýany üçin ýer ýumşak bolsa, boldumly bitýär. Özem fosfor dökünini, ekişden ozal bolsa oňarsaň, gektara 20-25 tonna mal dersini beribilseň, ekin başyny göge tutuberýär, eýle-beýle zyýankeşlere, mör-möjeklere hem baş bermeýär. Luw ýylyygally geldi. Baharyň ahyryna çenli ekin suw küýsemedi. Ýogsam sogan bilen ýeralma tä ýetişýänçä, joýasynyň yzgarrak bolanyny halaýan ekin. Uly gürlemäýin weli, awgustda gelseňiz, bir düýbi uly maşgalanyň bişirjek dogramasyna ýetjek soganlary görersiňiz, özem bu sort köwlenenden, tä maý aýynda ýetişýän sogana çenli durubilýän sary soganlar. Gektaryndan 30 tonna tama bardyr özem...

Gyzyklanmam dilime geçdi:

— Ýygnalan hasylyň meýdany boş galarmy onsoň?

Şamyradyň gaşlary gerlip gitdi:

— Rysgyny toprakdan gözleýän, berekedi artdyrmagy ýüregine düwen daýhan ýeri hergiz boş goýýan däldir. Bizem yzyna ýene giçki sogan ekeris. Maýyň ahyrynda doly ýetişýän görnüşi. Soň yzyna ekin dolanyşygyny edip, kelem ekseňem, sarymsak ekseňem, käşir ekseňem, idegi ýetse, göwün diýen hasylyň harman boluberer...

Beýleräkde duran orta boýluraga-da, dolmuş göwreli adam Şamyradyň sözüne dyngy bererine mähetdel bize ýüzlendi:

— Hany, ýaňy suwy süýjäp başlan gawunçylyga hem bir degip ötüň! Terne gemrerin diýseňizem, meýliňiz. Gadymy kitaplarda, onsoňam Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda agzalýandyr-a, terne iýmegiň köp dertlere melhemdigi. Muny maňa ekin üstüne kömekleşmäge gelýän agtyklarym gürrüň berip, sahypasyna çenli aýdyp otyrlar.

Allaberen Allaberenowyň mürehedinden ýüz öwürmedik. Şamyradyň sogançylygyndan o diýen bir daş bolmadyk ýerde — günçykarynda, ynha, giden meýdan ýaşyl biýara bolup ýatyr. Ýoluň sag gapdaly zamça, waharman, irbişer, aktorly, gülaby... ýaly gawunlar. Gör-ä, muny! Bir garyş ýeriňem gadyryny biliberýän daýhan çil gyralaryna hem kädi ekipdir. Pah, murtuny göge uzadyp, biýaralaryny barha ýaýradyp barýan ekiniň her düýbünden azyndan 25-30 sany palaw kädini, tegelek kädini, bal kädini aljakdygyny, hersiniňem 5-6 kilogramy, käbiriniň-hä 10 kilogramam tegeläberjekdigini ekiniň tabyny bilýän daýhan gypynçsyz aýdýar.

Ýoluň ol ýakasyndaky joýa gyrasyna barsaň, «Hä-ä, garpyzyň biýarasy aksowult bolýandyr-ow» diýdirýän ekin gujagyny barha ýaýyp barýar. Gyrasy gädilene meňzeş ýapraklaryň arasyndan eýýäm ele agram beriberjek ala garpyzlar jyklaýar.

— Gawun-garpyzlary azajyk gijräk ekdik. Idegini ýetirseň, öňki babadaýhanlarymyzyň «Altmyş günde atan ýerden, ýetmiş günde ýeten ýerden üzüber» diýeni bolar. Oýtaga biten düme gawun-garpyzlaryň yzýany bularam gowy bişer. Takyrda, oýtakda biten gawun-garpyzlaryň bu ýyl hasylam, süýjüligem «Pah, bolupdyr» diýleni. Sebäbi bol ýagyn topragyň süňňüne mazaly siňdi. Onsoň ol meýdanlarda ýetişen düme ekin bal garylana dönäýer – diýip, Allaberen elini ýene gawunçylyga tarap kölegeletdi.

...Ýola düşenimizden soňam oýtakda gol ýaýradýan gawun-garpyz, dag gerşine tarap gol uzadýan gök soganlar surat bolup gözümizde galdy.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000