Publisistika

Publisistika
194 gün 19 sagat öň
Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

 (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Deýl KARNEGI

Elmer Tomas,

Oklahoma ştatyndan, ozalky senator

Özüme kembaha garamak duýgusyndan nädip saplandym?

Köwşümiň gapdallaryna aýagyňa geýeniňde süýnýän maýyşgak matadan urna urlandy. Ýöne paşmagymdaky ol rezinler bireýýäm yzyna dartylmaz ýaly derejede süýnjegini süýnüp, köwşümiň gapdal böwründe halparyp durdy, garaz, paşmagym ýörämde aýagymdan gaçyp galýardy. Üst-başym üçin beýleki talyplaryň öňünde gaty oňaýsyz hala düşýärdim, onsoň käte uzakly gün otagymdan çykman, sapaklaryma güýmenip oturýardym. Şol günler ýüregimde besleýän iň uly arzuwym ýüzümi gyzartmajak ibaly kostýum bilen köwüş satyn almakdy.

Şondan sähel salym soňra howsalalarymdan doly saplanmaga, şol bir wagtda-da özüme kembaha garamak duýgymdan saplanmaga kömek eden dört sany waka bolup geçdi. Olaryň biri bolsa maňa umyt, dogumlylyk we özüme bolan ynamlylyk berip, tutuş durmuşymy bütinleý özgertdi. Häzir men şol wakalary yzygiderlilik tertibine laýyklykda gysgaça beýan edeýin.

1. Pedagogika kollejinde okuwyň başlananyna bary-ýogy iki aý geçende, men synag tabşyryp, umumybilim berýän oba mekdeplerinde mugallymçylyk etmäge hukuk berýän üçünji derejeli şahadatnama aldym. Şahadatnama alty aýlyk berlen bolsa-da, bu meniň üçin köp zady aňladýardy — ilkinji nobatda, bu maňa kimdir biriniň ynam bildirenliginiň alamatydy. Ömrümde ilkinji gezek ejemden başga kimdir biri maňa ynanypdy!

2. Bagtyýar Jülge diýen ýerde ýerleşýän oba mekdebiniň geňeşi maňa günüme iki dollar hak belläp, mugallymçylyk işini berdi, bu aýda kyrk dollar bolýardy! Munuň özi maňa ýene ynam bildirilenligini aňladýardy.

3. Ilkinji gezek çek alan badyma özüme kostýum — utanman geýip boljak ilkinji kostýumymy satyn aldym. Eger häzir kimdir biri maňa million dollar hödürlese, sähelçe dollara satyn alan şol kostýumymy geýip görüp duran şol günümdäki ýaly begenmezdim.

4. Ýöne ömrümdäki birinji aýgytly öwrüm, ýygralygymyň hem özüme kembaha garamak duýgymyň üstünden gazanylan ilkinji ýeňiş Indiana ştatynyň Beýnbrij şäherçesinde her ýyl geçirilýän Patnem ýarmarkasy boldy. Emele gelen däbe laýyklykda, ýarmarkada gurnalýan oratorlaryň bäsleşigine gatnaşmaga, ugumy ýekeläp, ejem meni göwnetdi. Bu pikiriň özi ilki maňa bütinleý bimany zat bolup göründi. Çünki köp adamly ýygnaklaryň gürrüňini etmäniňde-de, men hatda ýeke adamyň öňünde gürlemäge-de çekinýärdim ahbetin. Ejem welin maňa çyny bilen ynanýardy, onsoň onuň göwnüni ýykasym gelmedi. Geljegim bilen bagly onuň iňňän uly meýilleri bardy, şeýle-de tutuş ömrüni maňa — söýgüli ogluna bagyşlapdy. Onuň ynamy meni hem ruhlandyrdy, ekezlendirdi. Men bäsleşige gatnaşmak üçin arza berdim. Çykyşymyň temasy «Amerikada sungat we ynsanperwer ylymlardy». Gönimden gelsem, beýle çykyşa asla taýýar däldim. Meselem, çykyşymy taýýarlap başlanymda, ynsanperwer ylymlaryň nämedigine-de oňly düşünemokdym. Maňa teselli berýän ýeke-täk zat öňünde çykyş etmeli auditoriýamyň hem bu babatda hiç zada düşünmeýänligidi. Özümiň çylşyrymly çykyşymy ýat tutdum-da, fermamyzdaky sygyrlaryň, daragtlaryň öňünde ýüzlerçe gezek gaýtaladym. Hiç bolmanda, ejemde täsir galdyrmak üçin, çykyşymy, mümkin boldugyndan, duýgular bilen baýlaşdyrmaga çalyşdym. Eýle boldy-beýle boldy, garaz, men birinji orny eýeledim. Muňa özümem haýran galdym. Hemmeler begenç bilen gutladylar. Hemişe maňa göwnüýetmezçilik bilen henek atyp, «janly skelet» diýip, içimi ýakyp ýören synpdaşlarym indi arkama kakyp: «Berekella, Elmer, seniň ýüňsakal etmejegiňi bilýärdik!» diýýärdiler. Ejem meni bagryna basdy-da, aglady. Egnim üstaşyry arkama nazar aýlap, oba oratorlarynyň bäsleşiginde ýeňiş gazanmagymyň durmuşymdaky aýgytly öwrüm bolanlygyna düşünýärin. Ýerli gazetler birinji sahypalarynda suratymy ýerleşdirip, maňa beýik geljegiň garaşýanlygyny biragyzdan welilik bilen aýdýardylar. Bäsleşikde ýeňiş gazanmagym meni tanymal kişä öwrüp, abraýymy artdyrdy, has ähmiýetli zat bolsa, özüme bolan ynamlylygymy müňlerçe esse güýçlendirdi. Indi şonda ýeňiş gazanmadyk bolsam, soňlugy bilen, Birleşen Ştatlaryň senatynyň agzasy hem bolmajak ekenligime düşünýän. Şu ilkinji ýeňşim maňa güýç-gaýrat hem ylham berdi, ol dünýägaraýşymy giňeldip, öň özümde bardyr öýdüp güman hem etmeýän ukyplarymyň gizlengi ýatanlygyna düşünmäge meni mejbur etdi. Elbetde, ýaryşyň ýeňijisiniň Danwil pedagogika kollejiniň bir ýylky talyp haky bilen sylaglanýanlygynyň ähmiýetini hem soňky orunda goýup bolmaz.

Şondan bäri men hemişe bilim almaga ymtyldym. Şeýlelikde, soňraky birnäçe ýylyň dowamynda — has takygy, 1896 — 1900-nji ýyllarda — mugallymçylyk işimi De Po adyndaky uniwersitetdäki okuwlarym bilen utgaşykly alyp bardym. Okuwa tölär ýaly pul gazanmak üçin ofisiant, koçegar, hasapçy hökmünde-de işlemeli boldum. Tomsuna oba hojalyk işlerinde möwsümleýin işçi bolup işe durdum ýa-da ýol gurluşygynda elim pilli çagyl agdardym.

1896-njy ýylda, ýaňy bir on dokuz ýaşymdakam prezidentlige dalaşgär görkezilen Uilýam Jennigs Braýana ses bermäge çagyryp, saýlawçylaryň öňünde ýigrimi sekiz gezek çykyş etdim. Şonda toplan tejribäm ýele gitmedi — men syýasat bilen çynlakaý gyzyklanyp başladym we bu ugurda güýjümi synap görmeli diýen netijä geldim. Şonuň üçinem De Po adyndaky uniwersitete okuwa girip, hukukşynaslygy we oratorlyk sungatyny öwrenmäge başladym. 1899-njy ýylda men Batler kollejiniň wekili bilen gurnalan çekişmede uniwersitetiň abraýyny gorap çykyş etdim. Indianopolisde geçen çekişmeler «Birleşen Ştatlaryň senatorlary ählihalk ses berilmegi arkaly saýlanylmalydyr» diýen temada boldy. Şu we başga-da bäsleşikleriň birnäçesinde ýeňiş gazandym, onsoň bahym uniwersitetiň her ýyl çap edilýän «Salgym» almanahyna we «Palladium» talyplar gazetine baş redaktor bellendim.

Uniwersiteti tamamlap, sungat ugrundan bakalawr derejesini aldym-da, Horas Griliň (1811 — 1872, amerikaly syýasy işgär hem žurnalist. Özüniň esaslandyran «Tribýun» — häzirki «Nýu-Ýork Gerald Tribýun» gazetinde ýaşlary Birleşen Ştatlaryň günbataryny özleşdirmäge çagyryş bilen çykyş edýär — terjimeçi) maslahatyndan peýdalanmaly diýen netijä geldim — ýöne men günbatara däl-de, günorta-günbatara gitdim.

Özüm üçin bütinleý täze ýere — Oklahoma ugradym. Komançileriň we apaçileriň göçürilip eltilen täze ýerleri açylanda, menem mellek ýeriniň bölünip berilmegi üçin arza tabşyrdym-da, Oklahoma ştatynyň Louton şäherinde hukuk edarasyny açdym. On üç ýyllap Oklahoma ştatynyň senatynda, ýene dört ýyllap kongresiň aşaky palatasynda işledim. Elli ýaşanymda durmuşymdaky iň uly arzuwym hasyl boldy — meni Oklahoma ştatyndan wekil hökmünde Birleşen Ştatlaryň senatyna saýladylar. Men 1927-nji ýylyň 4-nji martyndan başlap, şu wezipede işledim. 1907-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Oklahomanyň we gyzyltenlileriň ýerleşen mesgenleri bir bitewi ştat bolaly bäri, demokratik partiýadan bolan ýoldaşlarym birnäçe gezek uly ynam bildirip, meni ilki ştatyň senatyna, soňra kongresine, ahyrynda bolsa ABŞ-nyň senatyna saýladylar.

Men bu wakany özümden başga hiç kime dahylly bolmadyk üstünliklerim we ýeten derejelerim bilen magtanmak üçin gürrüň bermedim. Men muny ynjalyksyzlykdan, ýygralykdan we özüne kembaha garamakdan kösenýän bir pukarada özüne bolan ynamlylyk döreder diýen umyt bilen şeýle etdim, çünki ýaňky sanan ýagdaýlarym öz wagtynda tas meniň durmuşymy weýran edipdi. Kakamyň sary giden kostýumyny hem-de onuň hemişe aýagymdan gaçyp ýatan paşmagyny geýip gezmeli bolan hem bolsam, garaz, men bu ýagdaýdan baş alyp çykdym.

(Dowamy gazetiň indiki sanynda).

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.

 

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000