Publisistika

Publisistika
163 gün 16 sagat öň
Oýun ýaly usul arkaly

3. KÖP PUL GAZANMAGY BAŞARAN DERIL ATLY OGLANJYK

 

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).


— Kira, hany, tur indi! — ejemiň sesi eşidildi. Eger ol oýarmadyk bolsa, ýatyp galjak ekenim, käte täsin düýşüň dowamyny görmek üçin uzak wagtlap ýatasyň gelýär.

Düşegimde ýatan ýerimden gerindim. Ejem penjiräniň perdelerini syrdy, otag ýagtyldy. Onuň garaýşyndan menden nägiledigi duýulýardy: otagym tertipsiz haldady. Birden «Arzuw toplanýan gutularyma» onuň gözi kaklyşdy. Olary eline aldy-da, «Kompýuter», «San-Fransisko» diýen ýazgylary okap gaşy çytyldy.

— Ýeri, indi bu näme boldugy? — diýip sorady.

Gyzardym. Endamym jümşüldäp gitdi.

— Sen Amerika gidesimiň gelýänligini bilýäň-ä. Öý işlerimi hem kompýuterde etsem, has gowy bolar diýip pikir edýän. Onsoň men munuň üçin pul toplamagy ýüregime düwdüm — diýip jogap berdim.

Ejem ynamsyzlyk bilen maňa garady. Her elinde bir guty bardy. Olary iki ýana çaýkady. Gutulardaky şaýpullar ses etdi.

— Dogrudanam, pul bar ýaly-la — diýip, ol geň galdy. — Näçe bar?

Bu gürrüň maňa ýakanokdy.

— Hersinde bäş marka — diýip, pessaýja pyşyrdap aýtdym.

— Şeýlemi? Kompýuter üçin bäş marka, ABŞ-a gitmek üçinem bäş marka. Onda-ha indi kän garaşmaly bolmarsyň — ejem ýaňsyly kikirdedi. — Eger ýol harajaty hökmünde saňa üç müň marka gerek bolsa, onda... — ol öz ýanyndan hasaplap ugrady. — Aýda bäş markany on ikä köpeldýäs, bir ýylda altmyş bolýar... Diýmek, sen ýene elli ýyldan Amerika sary uçup bilersiň! — Hasap-hesibini tamamlap, ol hahahaýlap güldi.

Onuň beýdip üstümden gülmesi maňzyma batmady. Özümi akmak hasap etdim, gözümiň owasyna ýaş aýlandy. Ejemiň aglaýanlygymy görmegini islemedim, şonuň üçinem başardygymdan göz ýaş dökmejek bolup çytraşdym, ýöne bolmady, bu-da meni has-da beter kejikdirdi.

Ejem otagdan çykdy-da, kakama seslendi:

— Georg, gyzymyz duranja bir maliýe genisi eken. Ol bahym San-Fransisko sary uçýar. Ha-ha-ha!

Men mundan artyk özüme basalyk berip durup bilmedim, sesimiň ýetdiginden gygyrdym:

— Uçarynam, ynha, görersiňiz. Indiki ýyl tomusda. Size bolsa o taýdan suratlyja gutlag hatynam ugratmaryn! Bärde bergiňize batyp oturyberiň şeýdip. Menden kömege garaşyp tama edibem oturmaň!

Gapyny zarply ýapyp, krowatyma özümi okladym-da, möňňürip agladym. Özüme gaharym geldi, sebäbi saklanyp bilmedim. Gutularymy mynjyradyp taşlasym geldi. Elbetde, bu niýetimiň paşmajagy düşnükli zat. Gülkünç! Mekdepden gelen badyma bularyň barynyň manysyz zatdygyny Manä gürrüň bererin. Garry mama bolanyňdan soň, Amerika gitmek! Al saňa gerek bolsa!

Mekdepde-de hiç keýpim bolmady. Asla özümi ele alyp bilmedim. Barlag işiň bolmanlygam bir gowy zat. Iň pes baha alardym. Hatda partadaşym Monika bilenem gürleşesim gelmedi, ýogsam ol joramdy. Doňan ýaly bolup öňüme bakyp oturdym, sapaklaryň tizräk gutararyna garaşýardym. Monika bu dymmaklygyma çydap oturyp bilmän, maňa bir hat uzatdy. Ony okaman, jinsimiň jübüsine saldym.

Arakesmede daşaryk çykdym. Ýeke özüm galasym gelýärdi. Ýöne Monika-da yzym bilen ylgap çykdy. Ýüzünden onuň öýkeläni duýlup durdy.

— Näme boldy? — diýip sorady. — Ýaraňokmy ýa bir zadyňy ýitirdiňmi? Ýa ejeň, kakaň bilen tersleşdiňmi? Alada etmesene, hemme zat gowy bolar. Maniniň eýesi tapylaýdymy ýa?

— Hijisem däl — diýip, onuň sözüni böldüm, ýogsam, ol sowallary bilen meni aldym-berdime salyp barýardy. Ol gürrüňçil gyz. Üstesine, syr saklamagam başaranok. Şonuň üçinem ekabyrymyz Ýason elmydama Monika nämedir bir zady gürrüň bermegiň gazete ýazan bilen deňdigini aýdýar.

Ýöne Monika-da kaýyl bolup oturybererli däldi. Gürrüňçilligi halaýan adamlaryň ählisiniň bolşy ýaly, o-da örän bilesigelijidi. Onuň özümi günüme goýmajagyny bilýärdim, şonuň üçinem Manä zelel ýetmez ýaly derejede oňa nämeleri gürrüň berip boljaklygy barada oýlandym. Oňa öz gutularym, ejemiň üstümden gülşi barada gürrüň bermegi ýüregime düwdüm. Gürrüňimiň ahyrynda-da şeýle diýdim:

— Maňa köp pul gerek, özem örän gyssagly gerek.

Monika alasarmyk halda geň galyp, ýüzüme çiňerildi:

— Mamaňdan ýa babaňdan soraýmaly ekeniň-dä. Gysganmaz-a olar senden. Men-ä şeýderdim.

— Monika, olaryň özleri zordan güzeran aýlaýarlar.

— Onda… Daýyňdan ýa daýzaňdan diläý-dä.

— Nädäýdiň-ä muny. Siziňkiden tapawutlylykda, biziň tutuş neberämizde baýlar ýok, diýmek, hiç kimden tama edibem oturmaly däl.

— Bolýar, sende pul sorap ýüz tutup bolaýjak hiç kim ýok diýeli. Şeýle-de bolsa, men bir zady bilýän: sen gaty bahym ruhdan düşýäň. Synanybam göreňok. Hemişe bolmajak tarapy hakda oýlanýaň. Beýtseň, elbetde, bitiren goşuň bolmaz.

Onuň ahyrky sözi meni oýa batyrdy. Mani hem şuňa meňzeşräk bir zatlar aýdypdy. Belki, bu gulak asanyňa degýän pikirdir. Monikanyň kemçiligi köpdi, ýöne onuň bir artykmaç tarapyny welin aýtmaly: ol, dogrudanam, hiç haçan ruhdan düşenokdy. Mekdepde ol ýanyp duran zehinli hasaplanmasa-da, bir ýoluny tapyp, barlag işlerine hem synaglara hötde gelýärdi.

Arakesme soňlanyp, biz synp otagyna dolandyk. Öz ýanymdan, hakykatdanam, beýle göwnüçökgün bolmaly däldigi barada oýlandym.

Sapaklar tamamlananda, men öýe tarap ýelk ýasadym, garbandym-da, Manini alyp, tokaýa ugradym. Bukuja ýerimize ýetäýýänçäk, zoraýakdan çydadym. Ol ýere ýeten badymyza içimi dökdüm:

— Seniň aýdan ideýalaryň sebäpli başym derde galdy. Gutularymy görende, ejem üstümden güldi. Ol Amerika gitmek üçin maňa elli ýylyň gerek boljagyny hasaplap çykardy. Ol wagt men eýýäm garry mama öwrülerin.

Mani sesini çykarman, esli wagt maňa seredip durdy. Soňra başyny aşak sallady, gamgyn keşbe girdi. Ahyry onuň pessaý owazyny eşitdim:

— Sen, hakykatdanam, Amerika gitmek isleýäňmi, saňa kompýuteriň gerekligi çynyňmy?

— Elbetde! — diýip, gaty dogumly aýtdym, hatda bolşuma özümem geň galdym. Gutular, doly taýýar bolmadyk «Arzuw albomym», şeýle-de hyýalymda beslän zatlarymyň ählisi mende nähilidir bir ynamlylyk döredipdi.

— Bolýar — Mani gözüni aýyrman maňa seredýärdi. — Şu iň esasy zat. Bularyň sende nähili ýol bilen peýda boljagy ähmiýetli däl. Esasy zat — çynyň bilen islemek. Ýogsam, sen ilkinji kynçylyklar dörän badyna gol gowşurarsyň.

Ol mamlady. Ejemiň ýaňsylamasy hötjetligimi artdyrypdy, erjellik döredipdi. Men hökman arzuwyma ýetäýmeli.

— Men saňa aňsat düşer diýmändim ahbetin — Mani gürrüňini dowam etdi.

— Dogry, ýöne men ejemden beýle zada garaşmandym.

— Janymyza degýän kynçylyklar elmydama garaşmaýan tarapymyzdan gelýändir. Hany, gel, indi garry mama dönmänkäň, nireden pul tapmalydygy barada oýlanyşaly.

— Mundan netije çykmaz — diýip jogap gaýtardym. — Monika-da aýtdym. Mende pul dilär ýaly baýlygy ýere-göge sygmaýan garyndaş ýok. Onsoň neneň lapykeç bolmaýyn?!

Mani gaharly halda penjeleri bilen ýer dyrmalap başlady:

— Seniň küýüň-köjäň hiç zadyň başa barmajaklygynda jemlenen. Pul gazanyp bilersiň ahyry sen.

Özümiňem özüme gaharym geldi. Men göwnüçökgünlikden saplanmakçydym ahyry. Ýöne on iki ýaşly gyzjagaz nädip pul gazanmaly?! Şonda kelläme bir pikir geldi:

— Aýdaly, sähelçe marka pul berseler, howlymyzdaky otlary orup bilerdim.

Mani welin meniň ugrumdan gopmady:

— Özüňem şol maşgalada ýaşap, şol howlynyň hözirini görýäň ahyry. Sen pul soramazdan öý işlerine kömek etmeli ahbetin. Kakaň, ejeň dagy hem seniň üçin köp zat edýändirler, munuň üçin pul soraýan däldirler.

— Onda nädip pul gazanmaly, gaýrat et-de, aýtsana!

— Ondan aňsat zat ýok — diýip, Mani jogap berdi. — Biraz soňrak saňa Deril atly oglanjyk barada gürrüň bereýin. Ol bary-ýogy on ýedi ýaşyndaka ençeme million pul gazanan, ýogsam adaty oglanjyk bolan şol. Ýöne ilki men saňa başga bir juda wajyp zady aýtmaly. Pul gazanjaklygyň ýa-da gazanmajaklygyň kelläňe gowy ideýanyň geljegi-gelmejegi bilen bagly däl. Näderejede yhlasly işlejekligiň hem möhüm däl. Esasy zat — özüňe bolan ynamlylyk.

— Özüňe bolan ynamlylyk? Munuň pula näme dahyly bar?

Mani tutuş durky bilen örän wajyp zat aýtmakçy bolýanlygyny görkezip ör turdy:

— Özüňi nämedir bir zada ukyply hasaplaýanlygyň ýa hasaplamaýanlygyň, özüňe ynanýanlygyň ýa ynanmaýanlygyň ynamlylyga bagly. Şonsuz sen belli bir işiň başyna-da barmarsyň. Işe başlamasaň welin, eden zadyň bolmaz.

(Dowamy indiki sanymyzda).

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000