Togrul begiň 1038-nji ýylda Nişapura girende, guşagy sagdakly, egnine asylan ýaýy bilen girendigi baradaky maglumat hem ýaýyň häkimlik alamatyndan habar berýär. Bar Ebreý Togrul beg tagtda otyrka, onuň öňünde uly ýaýyň durandygyny, soltanyň birbada elinde iki sany peýkamy saklap, olary ussatlyk bilen hereketli ýagdaýda saklandygyny habar berýär (Тишин В.В. К вопросу о происхождении тугры сельджукских султанов // Transcaucasica / Транскавказика. Южный Кавказ: история, религия, общество. М.: МБА, 2016. Вып. 3 / Сост. З.В. Кананчев. – С. 178). Abul Faraj 1048-nji ýylda Togrul begiň özüniň ähli resmi hormatly atlary ýazylan tugra ýasatmak barada perman berendigini ýazýar. Tugra seljuklaryň ähli permanlaryna we resmi hatlaryna möhür hökmünde basylypdyr (The Rahat-us-Sudur wa Ayat-us-surur, Being a History of the Saljugs by Muhammad ibn Ali ibn Sulayman al- Rawandi, ed.by M.Iqbal. –Leyden – London, 1921. P.257).
1050-nji ýylda halyf al-Kaýym seljuklar bilen özara gatnaşyklaryny ýitileşdirmezlik üçin Togrul begi deýurede beýik soltan diýip yglan edip, oňa «Rukn-ed-Din» («Diniň daýanjy») atly ünwany (ünwan – adres, salgy. — Абул-Фазл Байхаки. История Масуда (1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – C.962) berýär. Şeýlelikde, ol Beýik Seljuklara inwestitura (öz üstünden abbasy halyflarynyň ýokary häkimligini ykrar edip, Seljuk soltanlary olardan halat, gara baýdak alypdyrlar. — Гордлевский В.А. Государство Сельджукидов Малой Азии. – М. – Л., 1941. – С.82) berip, yslam dünýäsiniň üstünden dünýewi häkimligi olara tabşyrypdyr. Şu hereketi bilen halyf ähli musulmanlaryň gözüniň alnynda özüniň dünýewi häkimlik ygtyýarlyklaryny seljuk soltanlaryna gowşurandygyny mälim edipdir hem-de olaryň harby ýörişlerini kanunylaşdyrypdyr. Şeýlelikde, Muhammet Togrul begden başlap seljuk hökümdarlary Abbasy halyflaryndan soltanlyk häkimiýetine oňlanma (inwestitura) alypdyrlar (Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI–XII вв. – Ашх., 1973. – C.65). Ol halyfyň soltana gymmatbaha halatlary ibermegi we ýörite däp-dessurlar arkaly berjaý edilipdir (Гусейнов Р.А. Султан и халиф. // ПС. Вып. 19 (82). – М., 1969). W.W.Bartold seljuk hökümdarlarynyň ähli musulman dünýäsiniň ýokary hökümdary hökmünde yslamyň soltanyny musulmanlaryň dini baştutany, özüniň dini abraýy bilen soltan häkimiýetini beýgeldýän halyf bilen deň hatarda goýmak pikiriniň başyny başlap goýandyklaryny ýazýar (Бартольд В.В. Халиф и султан. – Спб., 1916. – С.248). Şondan soň seljuklaryň titulaturasynda «As-sultan al-azam şahanşah al-muazzam» (beýik soltan, beýik şahanşa) aýrylmaz bölege öwrülipdir (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.68). Bagdatdan seljuk soltanlarynyň ýanyna ilçi gelende, soltan halyfa tabynlygynyň alamaty hökmünde onuň ilçisiniň habaryny dik durup, ýüzüni Bagdat tarapa öwrüp diňläpdir. Munuň özi Gündogarda kabul edilen dessura laýyklykda, halyfyň permanynyň berjaý ediljekdigini alamatlandyrýardy. Soltan tagtyndan aşak düşüp, halyf tarapyndan iberilen sowgatlary kabul edipdir, altyn naly öpüpdir, halyfyň iberen haladyny geýipdir, kellesine selle orapdyr (Гордлевский В.А. Государство Сельджукидов Малой Азии. – М. – Л., 1941. – С.82-83).
1055-nji ýylda yslamda bölünijilik topary bolan büweýhileriň Bagdada meýilleşdiren ýörişinden halas etmegini ýalbaryp, halyf seljuk soltanyna ilçilerini ýollapdyr. Soltan yslam dünýäsini a:sylardan halas edip, Bagdada aýratyn hormatly şahs hökmünde gadam basypdyr. 1055-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Togrul beg Bagdada barypdyr. Apbasy halyfy Kaýym Biemrillah ony dabara bilen garşylapdyr. Halyf Togrul begi aýratyn taýynlanan tagtda uly hormat bilen garşylapdyr. Ýörite taýynlanan resmi hat kabul edişlikde okalyp, Togrul beg ähli musulmanlaryň hökümdary we Beýik Allanyň özüne ynanan döwletleriniň hojaýyny diýlip yglan edilipdir. Halyf tarapyndan oňa 7 sany gymmatbaha halat we sowgatlar gowşurylypdyr. Soltan üçin gymmatbaha daşlar bilen iki sany täç sowgat edilipdir. Halyfyň hut özi onuň biline altyn bilen bezelen iki sany gylyç guşapdyr (Bu dabara Togrul begiň Arslan Besasiriniň garşysyna ýörişden dolanyp, Bagdada ikinji gezek baran wagty, ýagny 1058-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda bolupdyr. Bu syýasy häkimligiň seljuklara hut halyfyň öz eli bilen syýasy häkimligi berendigini aňladýardy. — Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 116 s.). Seljuklarda soltanlara halyf tarapyndan häkimiýet alamaty hökmünde gylyç guşatmak dessury bolupdyr (Özaydın Abdulkerim. Sultan Berk-yaruk Devri Selçuklu Tarihi (458-498/1092- 1104). – İstanbul, 2001. – 190 s.). Bu ýerde gylyç guşamak arkaly, halyf seljuk soltanyna harby, ünwanlary arkaly bolsa, syýasy hukuklary oňa beripdir. Şeýlelikde, yslam dünýäsiniň syýasy jogapkärçiligi tutuşlygyna Togrul begiň eline geçipdir. Halyfyň weziri Abu Muslimiň seljuk soltanyna ýüzlenip: «Alla saňa bütin dünýäni berdi» diýen sözleri, şühbesiz, türkleriň, ýagny seljuklaryň dünýä häkimligine berlen başlangyç yşaratdy (Salim Koсa. İlk müslüman türk devletlerinde teşkilat // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 473 s.).
Kabul edişlik dabarasy Bagdat halyfy al-Kaýymyň Togrul bege «Mälik al-Maşryk wel-Magrib» (Gündogaryň we Günbataryň soltany), «Kasym Emir-ul-Muminin» (Halypanyň ýoldaşy), «Rukneddin» (Diniň diregi) ünwanlaryny bermegi bilen jemlenipdir. Munuň özi seljuklaryň Bagdada girmegi netijesinde halyflykda dini häkimligiň ýany bilen syýasy häkimiýetiň hem gelendigini aňladýardy. Şeýlelikde, yslam dünýäsinde ilkinji gezek dini we syýasy häkimiýet biri-birinden resmi ýagdaýda bölünip aýrylyp, halyf diňe yslam dünýäsiniň üstünden dini häkimligi saklap galdyryp, dünýewi häkimligini Togrul begiň ygtyýaryna beripdir. Şeýlelikde, döwlet durmuşynda dini we dünýewi häkimiýetleri bölmek (sekulýarizasiýa) seljuklar tarapyndan başlanyp, memluk we Deli türkmenleriniň soltanlygynda hem dowam etdirilipdir (Soltan Alaeddn Halaç «Döwlet we şerigat – aýry zatlardyr. Biri hökümdara, beýlekisi kazylara we müftülere degişli işlerdir» diýip nygtapdyr. — (Salim Koсa. İlk müslüman türk devletlerinde teşkilat // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 469 s.).
Kabul edişlik dabarasynda ýerine ýetirilen diplomatik dessurlar, berlen derejeler Bagdat halyfynyň dünýewi häkimiýeti Seljuk döwletiniň ygtyýaryna geçirýändiginiň alamatydy. Akademik F.I.Uspenskiý seljuklaryň halyfdan Aziýadaky eýelän ýerlerine eýeçilik hukugyny (inwestitura) alandygyny ýazýar (Успенский Ф.И. История Византийской империи XI – XV вв. Восточный вопрос. – М.: «Мысль», 1997. – С.55). Belli bir ýere eýeçilik etmek üçin ýörite perman çykarylyp, ol hökümdar çalşanda täzelenipdir (Chronique de Michel le Syrien, v. IV. Ed.par J.-B.Chabot. Paris, 1910, p. 620; Ибн Биби. Селчукнаме. – Анкара, 1941, – с.42). Seljuklar halyfyň gaznasyna el goýup, ony sultaniýet ady bilen döwletiň haýryna geçiripdirler (Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 115 s.). Munuň öwezine halyfa 50 müň dinar bilen bellibir möçberde bugdaý (500 batman) ýyllyk aýlyk hökmünde kesgitlenipdir. Seljuk soltanyna halyfyň ortagy manysyny berýän «Kasymul Emiril Müminin» ünwany berlipdir (Uluçay Ç. İlk Müslüman Türk devletleri. – İstanbul, 2012. – 67 s.). Şeýlelikde, Seljuk döwleti Abbasy halyflygyny Büweýhileriň tabynlygyndan çykaryp, musulman dünýäsiniň halyfyny öz howandarlygyna alypdyrlar.
Togrul beg 1059-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Bagdada baryp, halyfy gozgalaňçy Arslan Besasiriniň tussaglygyndan halas edipdir. Halyf minnetdarlyk hökmünde öz gylyjyny seljuk soltanynyň biline guşapdyr. Şeýlelikde, seljuklar abbasy halyflaryna gün görkezmedik Büweýhi nesilşalygyny syndyrypdyrlar. Ýusup ibn Taňryberdiniň beýan etmegine görä, Arslan Besasiri Türkmen Bagdady eýeläpdir we ol ýerde Müsür halyflary Ubeýdileriň adyna hutba okapdyr, Yrakdaky täsiri we ündewi aradan aýrylan hem-de bu ýerdäki döwleti çagşap ugran Abbasy patyşalaryny gaýtadan döwlet başyna getiren hut seljuk soltany Togrul begdir. Seljuk soltany Kaýum Biemrillany täzeden Bagdada getirip, onuň adyna ýene-de hutba okadyp başladypdyr (Muhammet Gaýmaz Türkmen. Taryhdaky yslam döwletleri. – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006. – 114 s.; Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg. Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar. (Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow). – Aşgabat, 2002. II jilt. – 146, 159, 162, 171 s.).
(Dowamy indiki sanymyzda).
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.