Publisistika

Publisistika
165 gün 23 sagat öň
Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

 (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Janet Makdonald ynjalyksyzlyk, howsala hem tolgunma uklamaga goýmaýan halatlarynda, her gezek ýigrimi ikinji mezmurdaky şu sözlerde özüne «gaçybatalga tapandygy» barada maňa gürrüň berdi: «Hudaý — meniň Çopanym; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin: ol ýaşyl öri meýdanlarda maňa ynjalyk berýär we meni siňňin suwlaryň boýuna äkidýär...»

Ýöne eger-de Ýaradana ynamyňyz gowşak bolup, öz gamyňyzy özüňiz iýmäge endik eden bolsaňyz, diňe maddy serişdeleriň kömegi bilen köşeşmäge synanyşyp görüň! Doktor Dewid Garold Fink özüniň «Nerw dartgynlylygyndan saplanmak» atly ajaýyp kitabynda aňrybaş derejedäki köşeşmek halyna öz bedeniň bilen gürleşmek arkaly ýetip boljakdygyny aýdýar. Doktor Finkiň pikirine görä, sözler göz baglamanyň (gipnozyň) esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Eger siz uzak wagtlap uklap bilmeýän bolsaňyz, bu öz-özüňiz bilen gürleşmek arkaly özüňizi ukusyzlyk halyna ýetirenligiňizi aňladýar. Bu ýagdaýdan çykmak üçin özüňizi göz baglanma (gipnoz) halyndan açmagyňyz gerek. Muny etmegiň iň gowy täri beden myşsalaryňyza buýruk bermekdir: «Köşeşiň... Köşeşiň hem gowşaşyň». Bedeniň myşsalary dartgynly haldaka ne beýniniň, ne-de nerwiň köşeşip bilmeýänligi bize eýýäm mälimdir. Şonuň üçinem eger biz tiz uklamak islesek, ilkinji nobatda, myşsalary gowşaşan hala getirmekden başlamak gerek. Netijeliligiň ýokarlandyrylmagy üçin doktor Fink kän gezek barlanyp görlen köne usuly maslahat berýär: aýaklaryňyzyň dartgynlylygynyň gowşamagy üçin, dyzlaryňyzyň aşagyna ýassyk goýuň, edil şeýle maksat bilen, iki sany ýassygy hem tirsekleriňiziň aşagyna goýuň. Ilki äňiňiziň myşsalaryna gowuşgyn hala gelmegi buýruk beriň! Soňra gözleriňize, elleriňize, aýaklaryňyza geçiň! Şu maşky tamamlamaga ýetişmänkäňiz hem uka gidersiňiz. Men bu aýdýan zadyma belet. Muny özümde synap gördüm.

Ukusyzlyga garşy iň oňat dermanlaryň biri hem mellekde işlemek, suwda ýüzmek, tennis ýa-da golf oýnamak, lyžada typmak ýa-da islendik bir fiziki zähmet sebäpli döreýän argynlykdyr. Teodor Draýzer hut şeýle hereket edipdir. Entek hiç kimiň tanamaýan ýaş awtory bolan wagtlary ukusyzlyk ony halys heläk edýär eken. Muňa em etmegiň adaty usullarynyň nepi degmänsoň, ol Nýu-Ýorkuň merkezi demir ýol edarasyna işçi bolup ýerleşipdir. Uzynly gününi ol demir gazyklary ýere kakyp ýa-da agyr pil bilen kömür üýşürip geçiripdir. Öýüne gelensoň, ukusy tutup, agşamlyk naharyny edinýänçä zordan çydapdyr.

Käte biz şeýle bir ýadaýarys welin, hatda ýöräp barýarkak aýak üstünde hem uka gidýäris. On üç-on dört ýaşlarymdakam kakam bakylan doňuzlaryň bir wagonyny Sent-Luisiň bazaryna ugratdy. Iki sany mugt otly petegi bolansoň, menem äkitdi. Şol wagta çenli men ilaty dört müň adamdan köp bolan şäher görmändim. Altmyş müň ilatly Sent-Luise baranymyzda haýran galypdym. «Asmana ýetip duran» alty gatly jaýlary ilkinji gezek görşümdi, eý, gudrat-eý, — hakyky tramwaý. Ol tramwaý ömürlik ýadymda galdy — ol häzirem gözümiň öňünde dur. Ömrümdäki iň bagtly hem şadyýan günüm soňa ýetende, kakam ikimiz Missuri ştatynyň Reýwenwud şäherine gidýän otla münüp, öýe gaýtdyk. Stansiýa gije sagat ikide geldik, ferma çenli dört mil ýoly pyýada ýöredik. Uzynly günki ahwalatlar halys sütünimi süýndüripdi, onsoň men ýöräp barýarkam uklapdyryn. Hatda düýşem görüp ýetişdim. Soňam eýeriň üstünde oturan ýerimde köp gezek uklap gördüm. Ine, görşüňiz ýaly, men heniz-ä diri!

Adamlar fiziki taýdan doly derejede mejalsyz hala ýetenlerinde, olar top atylsa-da, uklap bilerler. Nerw keselleri boýunça belli hünärmen Foster Kennedi maňa şeýle bir ýagdaýy gürrüň beripdi. Ol 1918-nji ýylda Bäşinji britan goşunynyň yza çekilýän wagtynda halys ysgyn-mydardan gaçan esgerleriň ýykylyp, bada-bat agyr uka giden halatlaryny görüpdir, olaryň bu ýagdaýyny diňe koma haly bilen deňeşdirip boljak eken. Doktor Kennedi olaryň gabagyny galdyrsa-da, oýanmandyrlar. Şeýle-de ol bu hala düşenleriň göreçleriniň göz hanasynyň ýokary başyna agyp gidýänligine üns beripdir. «Şondan bäri uky bilen bagly alada galsam, her gezek gözümiň garasyny göz hanasynyň ýokary başyna gidirmäge çalyşýaryn — diýip, Kennedi aýdýar. — Birnäçe sekuntlyk şeýle maşk etsem, hökman pallap başlaýanlygyma we derrew uka maýyl bolýanlygyma üns berdim. Görnüşi ýaly, awtomatiki hala ýetirilen nähilidir bir refleks herekete geçýär, adamyň muňa garşy durmaga-da güýji ýetenok».

Heniz dünýäde hiç kime ukudan boýun towlamak arkaly ölmek başartmandyr, mundan beýläk hem başartjagy gümana. Näderejede güýçli erk-ygtyýara eýe bolsa-da, tebigy kanunlar adamy uklamaga mejbur eder. Biz ukusyzlyga garanyňda, aç-suwsuzlyga has uzak wagt çydap bileris.

Janyňa kast etmek dogrusynda aýtmak bilen, men «Adamyň täze açyşy» atly ajaýyp kitabynda doktor Genri S. Linkiň beýan eden bir wakasyny ýatlaýaryn. Doktor Link «Psihologiýa korporasiýasynyň» prezidenti bolan, gulluk wezipesine laýyklykda-da, ol çökgünlikden hem ynjalyksyzlykdan ejir çekýän kişileriň köpüsi bilen söhbet etmeli bolupdyr. «Gorkyny hem howsalany nädip ýeňip geçmeli» diýen bölümde ol öz janyna kast etmek islän bir müşderi barada gürrüň berýär. Ýalbar-ýakar edip, pälinden gaýtarjak bolmagyň diňe ýagdaýy çetinleşdirjekligini bilensoň, doktor Link oňa şeýle diýipdir: «Eger siz barybir özüňizi heläklemekçi bolsaňyz, muny gahrymançylykly şekilde ediň! Tä ýykylyp, ölüp galýançaňyz kwartalyň daşynda ylgaň!»

Müşderi bu gahrymançylykly usuly ulanyp, birnäçe gezek synanyşyp görüpdir. Her gezegem onuň psihiki ýagdaýy gowulaşmak bilen bolupdyr. Fiziki ýagdaýy-ha öz-özündenem düşnüklidir. Üçülenji güni agşamlyk ol doktor Linkiň hakykatda özünden talap edýän ýagdaýyna ýetipdir — ol fiziki taýdan halys tapdan düşüpdir (şonuň bilen birlikde fiziki taýdan mazaly gowşapdyr), onsoň gije edil öli ýaly ýatypdyr. Soňlugy bilen ol sport klubuna agza bolup, ýeňil atletika boýunça ençeme ýaryşa gatnaşypdyr. Ol özüni şeýle bir oňat duýupdyr welin, hakyt, baky ýaşasy geliberipdir!

Şunlukda, ukusyzlyk zererly ynjalyksyzlanmakdan saplanmak üçin aşakdaky bäş sany kadany ýatda saklaň:

1. Eger uklap bilmeýän bolsaňyz, Semýuel Untermeýeriň göreldesine eýeriň — stoluň başyna geçiň-de, tä gözüňiz bürlüp başlaýança, kitap okamaga ýa-da işe gümra boluň!

2. Uky ýetmezçiligi sebäpli, entek hiç kimiň ölmänligini ýatda saklaň! Ukusyzlyk babatda ynjalyksyzlanmak, ukusyzlygyň özüne garanyňda, has köp zyýan ýetirýändir.

3. Janet Makdonaldyň edişi ýaly, doga-dileg etmäge ýa-da ýigrimi ikinji mezmury okamaga synanyşyp görüň!

4. Bedeniňizi dolulygyna gowşaşan hala getirmäge synanyşyň!

5. Özüňizi iş bilen gümra ediň! Ýadawlykdan ýaňa ýatman bilinmejek hala ýetmäge çalşyň!

Netije:

Ynjalyksyzlykdan saplanmagyň we durmuşdaky işjeňligiňi

artdyrmagyň alty usuly

Birinji kada. Ýadawlyk duýmazdan ozal dynç alyň!

Ikinji kada. Işleýän wagtyňyz gowşaşan halda bolmagy öwreniň!

Üçünji kada. Öýde gowşaşan halda bolmagy öwreniň!

Dördünji kada. Dört sany peýdaly zähmet endigine eýeriň:

a) Iş stoluňyzy hut şu pursatda çözgüdi bilen meşgul bolýan meseläňize dahyly bolmadyk kagyzlaryň baryndan arassalaň!

b) Işleriň baryny wajyplygyna laýyk tertipde ýerine ýetiriň!

ç) Eger öňüňizde bir mesele keserip duran bolsa we ony çözmek üçin ýeterlik deliliňiz bar bolsa, netijä gelmekde haýal-ýagallyk etmäň! Meseläniň çözgüdini hiç haçan soňa goýmaň!

d) Işi gurnamagy, jogapkärçiligi bölüşmegi we gözegçiligi amala aşyrmagy başaryň!

Bäşinji kada. Ýadawlykdan hem ynjalyksyzlykdan saplanmak üçin, işiňizi gyzykly hala ýetirmäge çalşyň!

Altynjy kada. Ukusyzlyk babatda ynjalyksyzlanmak, ukusyzlygyň özüne garanyňda, has köp zyýan ýetirýändir.

(Dowamy gazetiň indiki sanynda).

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.

 

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000