Publisistika

Publisistika
208 gün 19 sagat öň
Magtymgulynyň döredijiliginde biologik köpdürlüligiň waspy

Magtymgulynyň edebi mirasynda orun alan ýedi ýüze golaý şygyrlarynda biologik köpdürlüligiň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň atlary bilen bagly adalgalaryň, kömekçi zoologik leksik birlikleriň, many gatlaklary dürli bolan ylmy sözleriň 250-den gowrak görnüşleri duş gelýär.

Janly tebigat baradaky ylymlaryň biologik binýadynyň köpdürliliginde ýaşaýyş hereketlerine gatnaşýan ähli görnüşleriň — adam, ösümlik, haýwanat toplumlarynyň düzümleriniň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny, bitewi alamatlarynyň ugurlaryny, dowamly ösüşleriniň umumylyklaryny, taryhy kanunalaýyklygyny we gurluşlarynyň häsiýetli aýratynlyklaryny çuňňur, düýpli öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly işler durmuşa geçirilýär.

Milli ylmy jemgyýetçiligiň nazary we amaly esaslarynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşan Magtymgulynyň edebi mirasynda orun alan ýedi ýüze golaý şygyrlarynda biologik köpdürlüligiň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň atlary bilen bagly adalgalaryň, kömekçi zoologik leksik birlikleriň, many gatlaklary dürli bolan ylmy sözleriň 250-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Şahyryň döredijiliginde olaryň ulanylyş düzümin i bir gezek, iki gezek we köp gaýtalanýan, sinonimdeşlik hatarlarynda duş gelýän toparlara, wasp edilişiniň ýazuw medeniýetindäki ornuny türki, arap, pars we türkmen edebi dilleriniň aýratynlyklaryna mahsus bolan alamatlara, biologik gurluşyny bolsa adam, ösümlikler, guşlar, süýrenijiler, süýdemdirijiler, bognaýaklylar, oňurgasyzlar, perdeganatlylar, ikiganatlylar, teňňeganatlylar ýaly görnüşlere bölmek bolýar.

Akyldaryň öz eserlerinde söz sungaty arkaly täze çeper keşbi açyp görkezmek, deňeşdirmek, meňzetmek, gatnaşyklaryň allegoriki we gözellik häsiýetli derejelerini kämilleşdirmek maksady bilen, biologik köpdürlüligiň haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň arasynda bilbil, gaz, ördek, bedew at, it (köpek), balyk, laçyn, kebelek, şir, tawus, gurt, iner, keýik, ýylan (mar), möý, adam häsiýetleri bilen bagly är, ynsan, gerçek, mert, ussat, dana, ösümlikler bilen bagly alma, injir, nar, daragt, miwe, hasyl, harman, serwi... ýaly görnüşlere ýygy-ýygydan ýüzlenýändigini, çeper keşpleriň täze nusgalaryny beýan edýändigini görmek bolýar.

Ýaşy üç ýüz ýyla golaýlap barýan beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şahyrana setirleriň çeperçilik mazmuny, sözleriň many öwüşginleri, duýgurlyk örüsiniň giňligi, nepisligiň, ussatlygyň, sagdynlygyň ýokary nusgalaryna baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Akyl merjenleri bilen sünnälenilen birinji, üçünji setirlerde syçan — muş, pişik — gürbe atly pars edebi we ýazuw diliniň şözleýiş aňlatmasy bilen beýan edilýär.

Taryhy nukdaýnazardan adam düşünjesi sözleşmäge we pikir alyşmaga, jemgyýetçilik zähmetiniň rowaçlygy we durmuş işjeňligi üçin dürli serişdeleri — maddy we ruhy gymmatlyklary döretmäge we ondan peýdalanmaga ukyby bolan, akylly hereketleri, ahlak gözellikleri özünde jemleýän ynsany, tebigatyň iň ýokary biologik baýlygyny aňladýar.

Danyşmendiň «Jan içinde» atly eseriniň üçünji bendiniň ilkinji setirlerinde:

Ýerden çykan nebatlar,

Gyzyl güller, gök otlar –

diýen hikmetli söz dürleriniň merjenleri jemlenýär.

Abadan geljegimiziň röwşen ertirleri üçin atalyk aladalaryny edýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň döwletli işleriniň rowaç, janlarynyň sag bolmagyny arzuw edýäris!

Dädebaý PÄLWANOW,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

 

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000