Publisistika

Publisistika
132 gün 15 sagat öň
Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

5. MANINIŇ OZALKY EÝESI

Oýa çümdüm. Şuňa meňzeş pikiri men ozalam eşidipdim. Muny maňa kim aýtdyka? Hä, Marsel aýdypdy. Bu onuň maňa beren ikinji syrly maslahatydy: «Ähli zat oňuna bolup gidip oturan çagynda hemme kişem gazanç edip biler. Ýöne seniň kimdigiňi welin kynçylyklar görkezýändir». Hawa, meniň entek öwrenmeli zadym köp.

Mani başyny atdy.

– Aladalar elmydama-da bolar. Şonda-da sen öz geljegiň üçin wajyp bolan işi her gün berjaý etmelisiň. Munuň üçin saňa on minut hem aňry ýany bilen ýeter. Emma hemme zat şu on minuta baglydyr. Adamlaryň aglabasy hut şu on minuty tapyp bilmeýändikleri üçin şol öňki katdynda galýandyr. Olar ýagdaýlaryň özgererine garaşýarlar, munuň üçin, ilkinji nobatda, özleriniň özgermeginiň gerekdigine welin düşünmegem islänoklar.

Birsellem dymyp duranyndan soň, labrador sözüni dowam etdi:

– Şu on minut seniň özgermegiň üçin zerur. Eger sen şu pursatdan başlap hemişe gündeligiňe ýazgylary ýazjakdygyňa we öz geljegiňi hyýalyňda janlandyrjakdygyňa äht etseň, has gowy bolar. Her hili ýagdaý bolanda-da. Her gün.

Men sag elimi göterip, şu günden başlap, hut onuň aýdyşy ýaly etjekdigime söz berdim.

Mani sözüni dowam etdi:

– Mundan başga-da, sen bu ýumuşlary hatda işleriň gidişi gülala-güllükkä-de berjaý etmelisiň.

Men geň galyp, oňa tiňkämi dikdim. Ol nämäni göz öňünde tutýarka?

– Özüňe iş tapynanyňda, sen begençden ýaňa depäň göge degäýjek bolup, hökman etmeli bolan işleriňi hem unudypsyň. Görşüň ýaly, seni ýoluňdan sowup biljek müňlerçe zat bardyr. Şonuň üçinem sen berjaý etmeli ýumuşlaryňy bitirmek üçin günüň dowamynda anyk bir wagt aýyrmalysyň.

Men oýa batdym. Bu beýle bir aňsat iş däldi. Agşam-a men eýýäm ýadaw bolýaryn. Gündizem etmeli işler gutaranok. Diňe irden wagt galýar-da. Onda-da has ir oýanmaly bolar...

– Bary-ýogy on minut hakda gürrüň gidýänligini unutma.

Mani, hemişe bolşy ýaly, meniň pikirimi okapdy.

Men ylalaşdym, ýöne eýýämden munuň ýeňil düşmejegine akylym ýetýärdi. On minut ir turmaly-da, mazaly ukudan açylmak üçin, derrewjik ýuwnup, gündeligimiň başyna geçmeli diýen karara geldim.

– Ýene-de bir zat – diýip, Mani sözüniň üstüne goşdy. – Suratlary näme üçin tapyp bilmändigiňe düşünýäňmi? Sebäbi sen 72 sagat kadasyna eýermediň!

– Ýeri, indi bu nähili kada bolýar? – diýip, bilesigelijilik bilen soradym.

– Juda ýönekeýje zat. Eger sen nämedir bir zady amala aşyrmagy niýet edinen bolsaň, ony 72 sagadyň dowamynda ýerine ýetirmelisiň. Ýogsam, muňa seniň hiç haçan hem eliň degmezligi gaty bolaýjak ýagdaýdyr.

Men ýene-de oýa çümdüm. Şunuň-a jany bar ýaly. Ömrümde nämedir bir zady etmegi ýüregime düwüp, soňra-da ýerine ýetirmedik gezegim kän bolandyr. Ýöne bitiren işlerimem az däl ahyry. Her niçigem bolsa, Mani dogry aýdýan bolsa gerek. Hemişe mamla bolup çykýandygyny bilemsoň, onuň maslahatyna eýermegi ýüregime düwdüm. Özümiň ähli etsem-goýsamlarymy 72 sagadyň dowamynda berjaý etmeli diýen berk karara geldim.

6. BERGI. KAKAMYŇ, EJEMIŇ ÝALŇYŞLYKLARY NÄMEDEN YBARAT

Birden Napoleon itimiz ýadyma düşdi. Huşum bar bolsun, tasdanam ony unudan ekenim!

Napoleony gezdirmäge çykarmak üçin Hanenkamplaryň öýlerine çenli ylgap gitmegi Manä teklip etdim. Kakamyň bergisi barada bolsa agşamlyk naharyndan soň gürleşmeli diýen karara geldik. Söhbediň gyzykly boljagy bellidi. Sebäbi meniň iň uly üç islegimiň biri atam-eneme bergiden çykmaga kömek etmäge bolan ymtylyşdy. Mani bolsa munuň örän sada zatdygyny aýdypdy. «Kakamdyr ejeme kömegim degse-hä gowy bolardy» diýip oýlandym-da, bagtyýar halda ýylgyrdym.

Jenap Hanenkamp eýýäm penjiräniň öňünde garaşyp duran eken. Napoleon meni göreninden ýallaklap çyňsady. Men öý eýeleri bilen salamlaşdym-da, iki iti hem alyp, tokaýa tarap ugradym. Tokaýyň bir çetinden girenimizem şoldy welin, Napoleon daňysyndan boşap, zymdyrylyp gitdi. Ol bir towşan görüp, şonuň yzyndan okdurylypdy.

Sykylyk çalyp, çagyrsamam, ol maňa gulak asmady. Ony diňe towşan gyzyklandyrýardy. Garaşaýmakdan başga alaç galmady. Men Napoleona, ilkinji nobatda, baş öwretmeli diýen karara geldim.

Bäş-on minut çemesi wagt geçensoň, ol ahyry yzyna köwlendi. Soň diňe oňa baş öwretmek bilen gümra boldum. Sähelçe zat üçinem onuň öwgüsini ýetirip, agzyna bir lukmajyk oklaýardym. Mani hem oňa berýän her bir buýrugymy ýerine ýetirýärdi. Bu ýagdaý edýän işime örän gowy tekge bolýardy. Garaz, bir-iki sagatdan soň Napoleon eýýäm «otur» diýen buýrugy berjaý edip başlady.

Öýlerine baryp, itleriniň başarnygyny Hanenkamplara buýsanç bilen görkezdim. Hanym Hanenkamp öz gözüne ynanmady. Çapak çalyp:

– Men Napoleon babatda hiç hili umyt ýok diýen netijä geliberipdim. Gör-le muny, buýruk berseň, hakyt, oturyberýär. Fantastika! – diýdi.

Jenap Hanenkamp hem kaýyl galyp ýylgyrdy. Ol öz çakynyň dogry çykandygyna begenýärdi. Aslynda, ite baş öwretmegi maňa teklip eden onuň özüdi ahbetin. Ol kisesine elini saldy-da, dabaraly ýagdaýda gapjygyny çykardy. Ondan ýigrimi marka alyp, Hanenkamp maňa uzatdy.

Puly alanymda, birhili utandym. Öz ýanymdan: «Bu juda köp pul – diýdim. – Bu maňa kyn düşmedi ahyry. Bu meniň höwes bilen eden işimdi». Daşymdan bolsa şeýle diýdim:

– Bu asla kyn düşmedi.

Jenap Hanenkamp hahahaýlap güldi. Şonda ol birhili gorkunç keşbe geçdi. Ýüzi eňşäp giden ýaly boldy. Köşeşensoň, ol maňa ýylgyryp seretdi, şolbada-da sypaýy kişä öwrüldi. Ol:

– Adamlaryň köpüsi iş diýilýän zat ýakymsyz hem kyn zat bolýandyr öýdýärler. Ýöne hakyky üstünlige diňe gowy görýän, göwnüňden turýan işiň bilen meşgullanaňda ýetip bolýar ahyry – diýdi.

Bu sözüne oňly düşünmändigimi ol ýüzümden okap, maňa soragly garady.

– Ejem-ä mydama: «Maňlaý deriňi döküp işlemeseň, güýmenje bilen gün görüp bolmaz» diýýär. Siziň aýdýanyňyz welin munuň tersine bolýar.

– Eýsem, seniň tanyş-bilişleriň arasynda öz halaýan zady bilen meşgullanyp, pul gazanýan kişi ýokmy?

Bada-bat Marsel ýadyma düşdi. Ol welosiped sürmegi halaýardy, hut şonuň üçinem ol özüniň bulka paýlamak boýunça «firmasyny» döredipdi. Hanenkampa çykanym barada gürrüň berdim. Ol bu aýdýanlarymy oňlamak bilen, başyny atyp diňledi:

– Ýerlikli mysal. Meniň pikirimçe, bu oglan uzaga gider. Wagty gelende, men saňa öz durmuşym barada-da gürrüň bererin. Sebäbi menem elmydama diňe öz halaýan işime güýmendim. «Hem daýymlara gidýän, hem taýyma baş öwredýän» diýlişi ýaly, mundan köp pulam gazandym.

Men bilesigelijilik bilen oňa garadym. Onuň ýüzi maňa başdan geçirmeler kitabyny ýatladýan ýalydy. Ol juda köp zady görene meňzeýärdi, megerem, durmuşda geçen ýoly hem täsinliklerden doludyr.

Ýöne eýýäm gaýtmaly wagtym bolupdy. Ejemiň gözi ýolda galan bolsa gerek. Bu gün agşamlyk nahary meniň halaýan owkadym — gyzardylan makarondy, süýjüligem — şokoladly puding. Şeýle-de bolsa, nahara kän işdäm bolmady. Şu gysga pursatda bolup geçen munça täzelikleri göz öňünde tutsaň, munda geň galar ýaly zadam ýokdy. Bir zada welin men gaty magat göz ýetirdim: pul bilen gyzyklanyp başlasaň, durmuşyňam has gyzykly bolýar, bu ýagdaý seni örän täsin adamlar bilen hem gabatlaşdyrýar.

(Dowamy gazetiň indiki sanynda).

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000