Publisistika

Publisistika
312 gün 23 sagat öň
Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

 (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

Deýl KARNEGI

17. Eger siziň paýyňyza limon ýeten bolsa, ondan limonad ediň

Şu kitabyň üstünde işleýän döwrüm Çikago uniwersitetine ýolum düşende, onuň rektory Robert Meýnard Hatçinsden aladalardyr tolgunmalara garşy göreşmegiň niçik başardýandygy barada soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Men hemişe «Sirs, Ribak we ko» firmasynyň öňki prezidenti, merhum Julius Rozenwalddan öwrenen bir kadama eýermäge çalyşýaryn. Onuň maňa beren maslahaty «Eger siziň paýyňyza limon ýeten bolsa, ondan limonad ediň» diýen sözleri bolupdy.

Beýik danalar hut şeýle hereket edýärler. Diňe akmaklar bar zady munuň tersine edýärler. Eger durmuş akmak adama limon berse, ony alýar-da, eňremäge başlaýar: «Men ýeňildim. Ykbalyň garşysyna gitmäge hetdim bolmaz. Üstünlige ýetmek üçin asla mümkinçilik galmady». Soňra ol bütin dünýä gahar edýär-de, özüne nebsagyryjylykdan ýaňa nalap ömrüni ötürýär. Dana kişiniň eline limon düşende bolsa, ol öz-özüne şeýle diýer: «Başyma düşen bu hasratdan nähili sapak almaly? Men nädip bu ýagdaýy öz şahsy bähbidime öwürmeli? Nähili ýol bilen şu limondan limonad etmeli?».

Beýik psiholog Alfred Adler tutuş ömrüni ynsan tebigatyny we onuň gizlin mümkinçiliklerini öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol özüniň gözegçiliklerine esaslanyp, ynsan tebigatyň iň täsin aýratynlyklaryndan biriniň «minusy plýusa öwürmek ukybydygyny» belläpdir.

Bir tanyş zenanymyň aýdan gürrüňini size ýetirmekçi, onda öwrenere, sapak alara juda köp zat bar. Onuň ady Telma Tomson. Ol şeýle diýýär: «Uruş wagty ärimi Kaliforniýa ştatyndaky Mohawe çöllüginiň ortagürpünde ýerleşýän şahsy düzümi taýýarlaýyş lagerine ugratdylar. Ondan aýrylasym gelmänsoň, menem bile gitdim. Eý, Hudaý, bu çöli nähili ýigrenendigimi bir bilsediňiz! Ilki görenimden ýigrenç döredi. Ömrümde hiç haçan özümi beýle derejede betbagt kişi hasaplamandym. Adamymyň bölümi türgenleşik geçmäge çölüň jümmüşine sary gidende, kiçijek kepbämde sopbaş özüm galdym. Jöwza ýakyp-ýandyryp barýardy — hatda kaktuslaryň kölegesinde-de temperatura (selsiýa boýunça) elli gradusa ýetýärdi. Töwerekde gürleşer ýaly yns-jyns ýokdy. Kiparlamany-köşeşmäni bilmeýän ýeller çölüň çägesini tozadyp getirýärdi, nahar iýemde çägeden ýaňa dişlerim gyjyrdaýardy. Göwnüme, öýkenimem şu ýüregedüşgünç çägeden dolan ýalydy!

Ahyrsoňy şeýle bir lapykeç hala düşdüm, özüme nebsim agyrdy, onsoň ejeme, kakama hat ýazdym. Hatymyň ahyrynda ähli zady taşlap, öýe dolanasymyň gelýänligini aýtdym. Bu gor ýaly çägede ýeke minut hem çydarlyk gaýratymyň galmanlygyny, şu ýerde eglenenimden, türmede oturanymy ýeg görjekligimi ýazdym. Kakam maňa iki setirden ybarat hat bilen jogap berdi. Ýöne şol iki setir meniň durmuşa bolan garaýşymy düýpgöter üýtgetdi. Tä ölýänçäm ol sözler göz öňümden gitmez:

Türmäniň gözeneginiň aňyrsyndan iki adam dünýä bakýar eken.

Biri hapalygy, beýlekisi ýyldyzlary görüpdir.

Men bu setirleri gaýta-gaýta okadym. Ahyry öz bolşumdan utandym, onsoň men häzirki halymyň haýyrly taraplaryny idemeli diýen karara geldim. Ýyldyzlary görmek isledim.

Men ýerli adamlar bilen dostlaşdym, olaryň sypaýyçylygy haýran etdi. Milli dokma hem-de keramika işleri bilen içgin gyzyklanan badyma, olar el işleriniň jahankeşdelere satmaga dözmedik iň gowy nusgalaryny hem maňa sowgat berdiler. Men ýerli floranyň täsin ösümlikleri bolan kaktus, ýukka, peýot bilenem içgin gyzyklandym. Çöl alakalarynyň özlerini alyp baryşlaryndaky geň-enaýylyklara tomaşa etdim, agşam şapagyny synlamakdan lezzet aldym, ençe million ýyl — çölüň ummanyň düýbi bolan döwründen bäri ýatan deňiz balykgulaklaryny çöpledim.

Durmuşymyň beýle derejede özgermegine sebäp bolan zat näme? Mohawe çöli bu ýere gelmänkäm nähili bolan bolsa, şol durkuna-da galypdy ahyryn. Men welin indi öňki halymda däldim. Men daşky dünýä babatdaky garaýşymy üýtgetdim. Şuňa hötde gelen badyma, meniň göwünli-göwünsiz halda lapykeçlik bilen süýrenýän durmuşym täsin başdangeçirmelere öwrüldi. Men alnymda açylan täze dünýäden güýç we ylham aldym. Bularyň bary mende şeýle bir çuňňur täsir galdyrdy welin, hatda çöldäki durmuşym barada roman hem ýazdym. Ol «Öwşün atýan bastionlar» diýen at bilen çap edildi... Bir söz bilen aýdanyňda, öz döreden türmämiň gözeneginden garap, ýyldyzlary görmek maňa başartdy».

Hormatly Telma, siz özüňiz üçin müdimilik bir hakykaty açyş edipsiňiz, ony grekler Isanyň dogulmagyndan bäş asyr ozal hem ösüp gelýän nesliň aňyna guýar ekenler: «Iň gowy zatlar iňňän kynlyk bilen ýetilýän zatlardyr».

Iki ýarym müňýyllyk geçenden soňra Garri Emerson Fosdik hem şoňa meňzeş sözi aýdypdyr: «Bagty diňe az mukdarda lezzet diýip atlandyrmak bolar. Onuň agramly bölegi ýeňişdir». Hut şeýle, ýeňiş! Öz limonymyzy limonada öwürmegiň başardanlygyndan aram tapmak duýgusyny, eýsem, başgaça nähili atlandyrjak.

Bir gezek men işi şowly gidýän floridaly fermer bilen duşuşdym, ol hatda zäherli limony hem jana lezzet berýän şirin limonada öwürmegi başarypdyr. Täze satyn alan fermasyna ilkinji gezek göz gezdiren çagynda, tasdanam, onuň zähresi ýarylan eken. Fermanyň topragy şeýle bir arryklan eken welin, ekin ekmäge-de, mal bakmaga-da ýararly dälmişin. Bu ýeriň ýeke-täk bol çöpi göýdük dub agaçlary hem zäherli ýylanlar eken. Ilkibada ol gaty lapykeç bolupdyr, soňra kellesine ajaýyp bir pikir gelipdir. Ol näme üçin bu kemçilikleri artykmaçlyga öwürmeli dälmişin diýip pikir edipdir. Ol gören-eşiden goňşy-golamlary geň galdyryp, ýylan etini konserwirläp satyp başlapdyr. Birnäçe ýyl ozal fermasyna baranymda, onuň ýylan saklaýan ýerinde üýşüp duran jahankeşdelerde gözüm eglendi. Hawa, ol adamlaryň bilesigelijiliginden hem ýylda, ortaça, ýigrimi müň dollar girdeji alýan eken! Bir söz bilen aýtsak, onuň fermasy gülleýär. Maňa ýylan zäheri gaplanan ampulalary hem görkezdiler, farmasewt firmalary ony zäherlenmä garşy melhem ýasamak üçin satyn alýar eken. Eýlenen ýylan derilerini hem gördüm, zenan köwüşlerini hem torbalaryny öndürijiler olary gymmat bahadan satyn alýar eken. Maňa konserwirlenen ýylan etini hem dadyrdylar, ony hem Ýer şarynyň dürli künjegine ugradýan ekenler. Ýene bir ýagdaý ýadymda galypdyr, bir gezek men gyssagly gutlagnama (otkrytka) ugratmaly boldum. Ýerli poçta bölüminden satyn alanymda, şonuň ýüzünde hem tanşymyň ýylan fermasynyň suraty bar eken. Ýogsa-da, şol gutlagnamany ugradan ýerim bolan obajygyň adyny hem üýtgedip, «ýylan» sözüne ýanap, täze at beren ekenler. Limondan limonad edip bilýän adam, gör, nähili derejelere ýetip bilýär!

Ömrümiň dowamynda Birleşen Ştatlarda torç etmedik ýerim galmady diýsem hem bolar. Şol saparlarymda minusy plýusa öwürmek ukybyny nusga edinip boljak erkek kişilere, aýal maşgalalara kän gabat geldim.

«Taňrylara garşy baş göteren on iki kişi» kitabynyň awtory, merhum Uilýam Bolito bu babatda şeýle diýipdir: «Durmuş ýörelgeleriniň iň möhümi öz üstünligiň miwelerinden aňrybaş derejede doly peýdalanmakdan ybarat däldir. Islendik akmak hem muňa ukyplydyr. Iň wajyp zat — öz şowsuzlyklaryňdan peýda alyp bilmek. Munuň üçin akylyň daş ýarýan derejede bolmaly. Akylly bilen akmagyň arasyndaky tapawut hem, ine, şundan ybarat».

Bolito bu sözleri demir ýol heläkçiliginde aýagyndan jyda düşeninden soň aýdypdyr. Men welin iki aýagyndan hem mahrum bolanlygyna garamazdan, bu ýitgisini bähbide öwürmegi başaran kişini-de tanaýan. Oňa Ben Forston diýýärler. Biz Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki myhmanhanalaryň biriniň liftinde tanyşdyk. Lifte giren badyma maýyplara niýetlenen tigirçekli kürsüde oturan, ýüzünde mähir uçganaklap duran adam ünsümi çekdi. Iki aýagy-da ýokdy, şeýle-de bolsa, onuň durmuşyndan razy kişidigi duýlup durdy. Lift onuň düşmeli gatynda säginende, ol sypaýyçylyk bilen bir gyra çekilip, ýol bermegimi haýyş etdi. Şol bir wagtda-da: «Sizi bimaza etmeli bolanym üçin bagyşlaweriň» hem diýdi. Soňra bolsa ol maňa ýakymly ýylgyryş bilen garady, beýle mylakatly ýylgyryşy men henize çenli görmändim.

Liftden düşüp, öz otagyma baranymdan soň hem ýüzünden nur ýagyp duran şol maýyp kişiden başga hiç zadyň pikirini edip bilmedim. Onuň haýsy otagda ýerleşenligini anyklap, duşuşyk belleşdim, gabatlaşanymyzda ol maňa öz başyndan geçiren wakasyny gürrüň berdi:

«1929-njy ýyldy. Noýbalarymyň pazylyny galdyrmak üçin söýget edere ýarar ýaly, uzyn şahalary kesip getirmäge tokaýa gitdim. Syryk ýaly uzyn-uzyn şahalary maşynymyň nowasyna ýükledim-de, öýe gaýtdym. Howply öwrümde ýaňky syryklaryň biri nowadan syrylyp gaýtdy-da, ruluň içinden geçip, ony aýlanmaz ýaly etdi goýaýdy. «Fordum» şol bady bilen ýoluň ýakasyndaky germewi böwsüp geçip, daragta uruldy. Oňurgam döwüldi, aýaklarym hem şonda şel açdy.

Şonda men ýigrimi dört ýaşymdadym. Şondan bäri ýeke gezegem aýagymy ýere basyp göremok».

 (Dowamy indiki sanymyzda).

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.

 



Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000