Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
736 gün 23 sagat öň
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine halkara güwanamalar gowşuryldy

Düýn paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlup, ulanylmaga berlen Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary Merkeze halkara güwanamalary gowşurdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar berşi ýaly, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine «General Electric Gas Power Europe» kompaniýasy tarapyndan «General Electric» kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänamany gowşuryldy.

Beýik Britaniýanyň «The London Energy Club» kompaniýasynyň ABŞ-daky wekili Hubert Wilson Watson bu täze desganyň Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky «The London Energy Club» kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Fraunhofer» adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň professory Harald Apel bu institutyň adyndan merkeze durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Güwänamalaşdyrmak hem-de baha bermek boýunça halkara gurama — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «TUV» kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň energiýa boýunça müdiri Anton Lepikson  «TUV Austria» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Şeýle-de «Duisburg-Essen» uniwersitetiniň (GFR) professory Bernd Reinhold Rosin Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan bu uniwersitetiň Aşgabatda açylan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamany gowşurdy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000