Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
312 gün 23 sagat öň
Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr merkezi

Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamynda ençeme oňyn teklipler öňe sürülýär we bu teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamynda ençeme Kararnamalar kabul edildi. Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýadöwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugrunda ýerleşen döwletleriň hemişe ykdysady we medeni ösüş derejesi ýokary bolupdyr.

Häzirki döwürde hem halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine göni çykalgalaryň bolmagy ýurtlara uly artykmaçlyklary berýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, häzirki zaman şertlerinde halkara ulag-logistika ulgamy Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini ýerine ýetirýär.

Ýurdumyzdan geçýän Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyny kämilleşdirmek boýunça işler muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bu geçelge demirgazykda ýerleşýän ýurtlara Sues kanalynyň üsti bilen gideniňde geçilmeli ýoly iki esseden gowrak azaltmaga we gatnawlaryň bahasyny peseltmäge mümkinçilik berýän ykdysady taýdan amatly halkara ulag-üstaşyr geçelgesi bolup durýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly bu geçelgäniň binýadyny düzýär. Häzirki döwürde Garabogaz kölüniň üstünden köpri bilen geçiriljek Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Täze köpriniň üstünden Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýolunyň dowamy boljak ýol geçer we Türkmenistan bilen Gazagystany birleşdirer. Bu geçelge iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny, ýük we ýolagçy gatnawyny artdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň TRASEKA maksatnamasyna doly agza hökmünde girmegine garaşylýar. TRASEKA — Ýewropa — Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini guramak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolup, onuň esasy maksady — harytlaryň Merkezi Aziýadan Ýewropa we Ýewropadan Merkezi Aziýaygtybarly üpjün edilmegini gazanmak üçin ýurtlaryň ulag kommunikasiýalaryny birleşdirmekdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Özbegistan-Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesini doly derejede işe girizmek ugrunda işler alnyp barylýar, mümkin boljak päsgelçilikleri ýüze çykarmak we ýükleri ýetirmegiň möhletlerini kesgitlemek üçin bu geçelge boýunça synag gatnawlary amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň içerki ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegi halkara ulag-logistika kuwwatyny ösdürmek üçin wajyp şert bolup durýar. Çünki ýurduň içki ulag ulgamy halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri özara birleşdirip, olaryň bir bölegi bolup durýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzda täze ýollar, menziller, köprüler gurulýar we ulag serişdeleriniň üsti doldurylýar. Ýol we köpri gurmak öňden türkmenlerde sogap iş hasaplanylýar. Bu milli däp-dessura goýulýan sarpany Ýewraziýa Ösüş Banky ýaly halkara guramalary tarapyndan taýýarlanylýan ykdysady synlarynda hem görmek bolar. Bankyň «Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti: täze garaýyş» atly hasabatynda ýurdumyzyň täze ýollaryň gurulmagy boýunça sebitde iň öňdebaryjy döwletdigi barada aýdylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda 14 müň kilometre golaý awtoulag ýollarynyň ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we gurulýar. Şeýle taslamalaryň arasynda iň irisi bolsa Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy bolsa gerek.

Bu ýokary tizlikli awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, serhetdeş Özbegistan bilen ulag gatnaşyklary babatda uly mümkinçilik açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan awtobanyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşdirilmeginiň netijesinde bolsa, Hazarda Halkara deňiz portuna ýük akymlarynyň göni çykmagy, ondan aňry bolsa deňziň üsti bilen Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykalga üpjün ediler.

Şeýlelik bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geografik taýdan amatly ýerleşýän we yklymlary birleşdirýän ýurdumyz sebitde we dünýäde iri üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwrülýär. Ulag ulgamyny ösdürmek üçin ýurdumyz tarapyndan ýerli, sebit we halkara derejelerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu edilýän tagallalar bolsa geljekde ata Watanymyza ýüzýyllyklaryň dowamynda hyzmat etjek miweleri berer we onuň geljekki ösüşine ýardam eder.

Orazmyrat SÄHETMYRADOW,

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000