Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
165 gün 18 sagat öň
Aşgabadyň panbarhat fabrigi

Islegi ýokarlanýan bahar reňli, ýaz öwüşginli panbarhat matalary öndürýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň panbarhat fabrigi özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmagy başaran bu fabrikde 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda 34 million 204 müň 320 manatlyk önüm öndürildi.

Owadan, gelşikli gülleri bilen 100 göterim ýüpekden öndürilýän bu ajaýyp panbarhat matalary, esasan müşderileriň sargytlaryna laýyklykda öndürilýär. Kärhananyň tutanýerli işgärleriniň hem-de ýokary kuwwatly enjamlarynyň netijesinde fabrikde 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, geçen ýylda 105,6 göterim ösüş gazanyldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýlarynda ekologiýa arassaçylygyny önümiň hili belen berk baglaýan fabrikde işler gyzgalaňly alnyp barylýar.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000