Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
166 gün öň
200 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary görkezijiler bilen jemlän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabadyň tikin fabriginde meýilleşdirilen 200 müň manatlykdan hem gowrak işi artygy bilen ýerine ýetirmegi başardylar.

Bu kärhanada 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirilen 51 million 266 müň manatlykdan gowrak işiň 2 million 200 müň manatlygy ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan hem bolsa geçen aýda bu ýerde amala aşyrylan işler 2 million 400 müň manatlykdan-da artyk boldy.

Şeýle-de bu tikin fabrigi 2023-nji ýyly hem üstünlikli jemledi. Ýyllyk meýilnama125 göterimýerine ýetirildi.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000