Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
165 gün 18 sagat öň
Nah matalaryň önümçiliginiň ösüşi 103,5 göterime deň boldy

2005-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Wekilbazaryň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky dokma fabriginde ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa, dürli görnüşli agarylmadyk nah matalar öndürilýär.

Täze ýyla ýokary üstünlik bilen gadam basan bu fabrikde 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda 103,5 göterime barabar ösüş gazanyldy. Şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar — dekabr aýlarynda fabrikde görkezilen meýilnama boýunça 206 million 826 müň 112 manatlyk önüm öndürildi. Öndürilen taýýar önümler Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000