Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
165 gün 20 sagat öň
Matematiki modelirleme boýunça olimpiada geçirildi

Şu gün — 12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda matematiki modelirleme boýunça olimpiada geçirildi. Ozal, olimpiadany Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirmek meýilleşdirilipdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň bu bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Olimpiada her ýokary okuw mekdebinden üç talyp, ýagny ýokary okuw bilim maksatnamalarynyň çäginde «Matematiki modelirlemek», «Ykdysady-matematiki usullar we modeller», «Ykdysadyýetde matematika», «Matematiki programmirlemek», «Ykdysady-matematiki modelirlemeklige giriş», «Ykdysadyýetde matematiki usullar», «Amallaryň derňewi we optimallaşdyrmak usullary» ýaly dersleri özleşdiren talyplar guramaçylar tarapyndan saýlanyp alyndy.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyry 50 soragdan ybarat bolan test görnüşinde, ikinji tapgyrda bolsa mesele çözmek, has dogrusy ykdysady meseleleri häzirki zaman usulynda çözmek. Bäsleşige gatnaşyjylara 6 sany ykdysady meseläni çözmek üçin 4 sagat wagt berildi.

Synagyň soraglaryny we tabşyryklaryny taýýarlamak üçin, esasan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň saýtyndaky bäsleşligiň bildirişinde görkezilen edebi çeşmeler ulanyldy.

Bäsleşigiň emin agzalary olimpiada gatnaşýan her ýokary okuw mekdebinden bir mugallym, şeýle hem ylmy edaralaryň, kärhanalaryň, önümçilikleriň wekillerinden we degişli ugurlar boýunça hünärmenlerden düzülen topar boldy. Eminler bäsleşigiň netijelerini iki tapgyrda toplanan utuklaryň jemine görä kesgitlärler.

Olimpiada «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek çarçuwasyna esaslanyp geçirildi.

Bäsleşigiň maksady ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilen okuwlary, ylmy işleri hem-de bilim çärelerini kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda täsirli özara gatnaşyklary güýçlendirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

 

Begnazar BEGNAZAROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000