Pakistan ösýän ykdysadyýetli ýurt bolup, Halkara Pul Gaznasynyň deslapky hasabatyna görä, satyn alyş güýji boýunça dünýäniň 24-nji, nominal jemi içerki önümi babatda 46-njy döwleti hasaplanýar. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 338,24 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ bolsa, 1,658 amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle hem soňky 10 ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ortaça 3,9 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda Pakistanyň nominal jemi içerki önüminiň 1,9 göterim, 2025-nji ýylda bolsa, 2,8 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Pakistanda ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, hökümet tarapyndan 2015 — 2020-nji maliýe ýyllary üçin Pakistan hyzmatdaşlyk strategiýasy durmuşa geçirildi. Maliýe strategiýasy esasy iki maksada: ýurtda garyplygy azaltmaga we umumy gülläp ösüşe gönükdirildi. Bu 5 ýyllyk maliýe meýilnamasynyň netijesinde ýurduň iň kyn ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyldy.
CEIC Datanyň» hasabatyna laýyklykda, Pakistanyň umumy eksporty 2024-nji ýylyň aprel aýynda 2,4 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, maý aýynda 2,8 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Muňa garamazdan, soňky çärýek asyryň dowamynda ýurduň eksportyndaky iň ýokary görkeziji 2022-nji ýylyň iýun aýynda hasaba alyndy. Şonda ýurt 2,9 milliard amerikan dollarlyk harydy daşary bazarlara çykarypdy. Hasabat döwründäki iň pes görkeziji bolsa, 547,2 million amerikan dollar bilen 1999-njy ýylyň ýanwarynda amala aşyryldy. Täzelenen soňky maglumatlara görä, 1996 — 2024-nji ýyllar aralygynda Pakistanyň eksportynyň gymmaty aýda ortaça 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar. Şeýle-de şu ýylyň maý aýynda ýurduň import amallary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,4 göterim ýokarlanyp, 4,9 milliard amerikan dollaryny emele getirdi. Netijede, hasabat döwründe 2,1 milliard amerikan dollarlyk ýetmezçilik balansy hasaba alyndy.
Pakistanyň eksportyndaky esasy ýurtlar (ýyllyk görkeziji boýunça)
ABŞ — 3,6 milliard amerikan dollary;
BAE — 2,2 milliard amerikan dollary;
Hytaý — 1,8 milliard amerikan dollary;
Beýik Britaniýa — 1,5 milliard amerikan dollary;
Germaniýa — 1,1 milliard amerikan dollary;
Ispaniýa — 1 milliard amerikan dollary;
Bahreýn — 980 million amerikan dollary;
Niderlandlar Patyşalygy —
946 million amerikan dollary;
Italiýa — 854 million amerikan dollary;
Saud Arabystany — 583 million amerikan dollary.
Dokma senagaty Pakistanyň iň iri önümçilik pudagy bolup, ol ýurduň ilatynyň 25 millionyny (umumy işçi güýjüniň 45 göterimi) iş bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda Pakistan pagta egirme kuwwaty boýunça Hytaýdan we Hindistandan soň Aziýada 3-nji döwlet bolup, dünýäniň egirme kuwwatyna 5 göterimlik goşant goşýar. Ýurtda 1221 sany pagta arassalaýjy, 566 sany egirme, 425 sany dokma kärhanasy hereket edýär.
Pakistanyň döwlet banky (SBP) tarapyndan berlen maglumatlara görä, ýurduň dokma önümleriniň eksporty 2024-nji ýylyň maý aýynda 11,27 göterim ýokarlanyp, 1,48 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,33 milliard amerikan dollaryna deňdi. Şeýlelikde, hasabat aýynda daşarky bazarlara satylan dokma önümleriň gymmaty ýurduň umumy eksportynyň 49,14 göterimini, jemi içerki önüminiň 8,5 göterimini emele getirdi. Ýeri gelende aýtsak, maý aýynda taýýar egin-eşikleriň, ýorgan-düşek daşlyklarynyň, trikotaž önümleriniň eksportynda degişlilikde, 19,82 (343,04 million amerikan dollary); 15,39 (260,27 million amerikan dollary); 13,69 (343,95 million amerikan dollary) göterim ösüş gazanyldy.
Maglumat üçin, Pakistan pagta önümçiligi boýunça hem dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdeligi eýeleýär. Has dogrusy, şu ýylyň aprel aýyndaky maglumatlara laýyklykda, ýurt Hindistandan, Hytaýdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Braziliýadan soň 5-nji ýerde durýar.
***
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Şunda häzirki wagtda durmuşa geçirilmeginiň depgini işjeňleşdirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly geljegi uly taslamalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, sebitde söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň erkin daşalmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ulag-üstaşyr geçelgesini we demir ýollary, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar transport we tranzit geçelgesini gurmak ýaly geljege uzaýan taslamalary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslamalar tutuş sebitiň, şol sanda Pakistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.
Häzirki wagtda Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň başlanmagy bilen bagly degişli işleri alyp barýar. Taslamany durmuşa geçirmegiň zerurlygy Pakistanyň içerki önümçiliginiň hem-de 250 milliona golaý ilatynyň gaz importyna bolan isleginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu iri taslama doly işe başlan halatynda «Galkynyş» gaz ýatagyndan ýylda turbageçiriji arkaly 33 milliard kub metr türkmen gazy akdyrylar.
Umuman, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlyk sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu iki döwletiň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän TOPH, TOP ýaly iri taslamalar sebit, galyberse-de, dünýä halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan hem, iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň geljekde hem ýokary derejede ösjekdigine yzygiderli geçirilýän gepleşikler aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.