Edebiýat

Edebiýat
312 gün 20 sagat öň
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

37. «... weýrandyr muňly başym?!»

Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda (Magtymguly, şygyrlar, 1994, 2 tom, 198 sah.) «Bolgaý men-ä» atly şygyr bolup, onuň 2-nji bendiniň birinji iki setiri şeýle nusgada:

Haýry — yhsan mende ýokdur, jürmi-usýandyr işim,

Batmyşam gam laýyna, weýrandyr muňly başym...

2013-nji ýyldaky neşirde hem (2-nji jilt, 269 sah.) ýokardaky setirler ozalky neşirden bolşy ýaly göçürilen.

Bu mysal getirilen setirleriň birinjisindäki «jürmi-usýan...» söz düzümi «günä — hata...» diýen manyda. «Usýan» (arapça «osýan») sözüniň «pitne», «gozgalaň», «bulagaýçylyk» diýen manylary hem bar.

Ýöne soňky setirdäki «... weýrandyr muňly başym» söz düzüminde şu ýagdaýynda hiç hili many ýok. Ol ýerdäki «muňly» sözi dogry okalmandyr. Ol sözi: 1. «müýnli» diýip okap bolýar; 2. «Mäng+li» görnüşinde hem alsaň bolýar. Sebäbi «Müýnli bolmak» — özüňi günäkär, hata iş eden hökmünde duýmak, «Mäng+li» — bu söz arap-pars sözi bolup, ol kelläniň serhoş bolmagy, kütek bolmagy ýaly manylary aňladýar.

Ýokardaky «...muňly başym» söz düzüminiň ýerine ol ýerde «...müýnli başym» ýa-da «...mängli başym» bolsa, ol logika dogry gelýär...

38. «Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men»

Şahyryň diwanynda (Magtymguly, 1994, 2 tom, 128 sah., Magtymguly, 2013, 2-nji jilt, 136 sah.) «Mätäç eýleme» atly şygry ýerleşdirilen. Ol şygryň 3-nji bendiniň başdaky iki setiri şeýle nusgada:

Namart köprüsinden ölsem geçmez men,

Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men...

Birinji setire belligimiz ýok. Ýöne ikinji setiriň manysy birhili. Eýsem-de, türkmene halal iş etmek üçin «kerwen bolmak» şerti barmyka?!

Soňky setiriň neşire hödürlenen nusgasy hiç hili mantyga-logika gabat gelmeýär.

1994-nji ýyldaky neşirde beýan edilmegine görä, bu şygyr bäherdenli meşhur bagşy, merhum halypa Hommat Jelilowyň aýdan aýdymynyň esasynda çapa taýýarlanypdyr. Belki-de, ol şygry bagşa aýdyp bereniň ýa-da göçürijiniň hatasy bilen, ol setirde «kerwen» sözi hata bilen ýazylypdyr.

Sebäbi ol söz, biziň pikirimizçe, «kerwen» däl-de, pars dilindäki «karbänd» bolmaly. «Karbänd» türkmençe «ýumşy ýerine ýetiriji», «sadyk bende», «amaly gürrüňsiz ýerine ýetirýän» diýen ýaly manylary berýär. Şonuň üçin hem ol setir geljekde:

Karbänd bolsam, halal işden gaçmaz men... –

diýen nusgada taýýarlansa hem-de ol sahypanyň aşagynda «karbänd» sözüne düşündiriş berilse, has gowy bolardy.

39. Hemedany kim?

Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda (Magtymgu­ly, 2013, 1-nji jilt, 60 sah.) onuň «San bolsam» atly meşhur şygry ýerleşdirilen. Aryf-danamyzyň bu şygyrdaky «San bolsam» diýýän jümlesi «şolar ýaly mertebeli, derejeli bolsam» diýen manyny berýär.

Eger 10 bentden ybarat bolan ajaýyp şygyrda ýatlanýan, gadymy Gündogaryň beýik alymlary, ulamalary, aryf-danalary barada giňişleýin beýan etmekçi bolsak, onda uly göwrümli seljeriş ýazmaly boljak. Şonuň üçin biz ol şygyrda ýatlanýan diňe iki sany beýik şahsyýet barada düşündirmek isleýäris.

Şygryň 2-nji bendiniň birinji setiri şeýle:

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany…

Bu ýerde ýatlanýan Abu Seýit yslam dünýäsiniň meşhur piri, türkmeniň gözüniň nury Abu Seýit Abyl Haýyr — Mäne baba. Omar Haýýam bolsa köplere mälim akyldar we şahyr.

Ýöne ol setirdäki Hemedany kim?!

Görkezilen diwanyň 2-nji jildinde (491-523-nji sahypalarynda) diwany çapa taýýarlan «Ýer-ýurt we adam atlarynyň sözlügini» ýerleşdiripdir. Ol ýerde şeýle maglumat berilýär:

«Hemedany — Bediguz-Zaman Ahmet ibn Hüseýni Hemedany (967-1007). Arapça hem parsça şygyr ýazan şahyr. Ol bir gezek okan kitabyny ýatdan ýazyp, parsça goşgyny ýüzüniň ugruna arapça, arapça goşgyny bolsa parsça okap, ýüzüniň ugruna kyssany şygra, şygry bolsa kyssa öwrüp okap bilen adam bolanlygy üçin döwürdeşleri haýran galyp, «Bediguz-Zaman» («Zamananyň täsini») diýen lakam beripdirler. Magtymguly ony özüniň «San bolsam» goşgusynda hormat bilen ýatlaýar» (503 sah.).

Elbetde, ozal gadymy türkmen edebiýaty, irki orta asyr Gündogar edebiýaty bilen içgin tanyş bolmadyk okyjy ýa-da ýaş edebiýatçy hünärmen diwany çapa taýýarlanyň bu düşündirişine ynanýar. Emma bu düşündiriş hakykatdan uzakda.

Sebäbi gadymy Gündogar edebiýatynda, şol sanda türkmen edebiýatynda Hemedany (hezreti Hemedany, pir Hemedany) lakamy bilen tanalýan ýeke-täk şahsyýet, ol gadymy Merw ýadygärlikler toplumynda aramgähi zeminiň bezegi bolup duran keramatly pirimiz. Ol Hoja Ýusup Hemedany hezretleri. Bu delilimizi hiç kim inkär etmez.

Çünki diwan çapa taýýarlanyň halka hödürleýän Bediguz-Zaman Ahmet ibn Hüseýn Hemedany öz zamanasynda, öz sebitinde tanalan hem bolsa, ol şahyryň «San bolsam» atly şygrynda ýatlanýan Abu Seýit (Mäne baba), Omar Haýýam, Nyzamy, Hafyz, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Saadi Şirazy… ýaly Gündogar edebiýatynyň şan-şöhrata ulaşan şahsyýeti däl. Bu sanalan şahsyýetleriň arasynda gelýän Hemedany hem türkmen akyldary hezreti Hoja Ahmet Ýasawynyň piri — hezreti Hoja Ýusup Hemedany. Sebäbi Bediguz-Zaman Ahmet ibn Hüseýni Hemedany makam-mertebede-de ýokardaky meşhur şahsyýetleriň deňinde-derejesinde däl.

Diwandaky Hemedany baradaky düşündirişi hataly düşündiriş diýip hasaplap bolar…

 (Dowamy gazetiň indiki sanynda).

Juma ATAÝEW,

terjimeçi, žurnalist.

 

* Peýdalanylan edebiýatlar:

1. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1994. 2. Magtymguly, Aşgabat, 1959.

3. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1983. 4. Magtymguly, 2 jiltlik, Aşgabat, 2013.  


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000