Edebiýat

Edebiýat
167 gün 14 sagat öň
Akyldar şahyryň döredijiliginde adalatlylyk taglymaty

Akyldaryň şygyrlary ýaşaýşyň gözbaşyndan başlap, şu günümize, hatda geljege düşünmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan bu ýylda sarpasy belent tutulyp dünýä derejesinde abraýy arşa galan türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa onuň dünýä halklary tarapyndan beýik akyldar şahyr hökmünde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adam durmuşynyň her bir pursadyny açyp görkezmekde iňňän ähmiýetli terbiýe beriji ensiklopediýa bolup hyzmat edýär. Şahyryň ýaşan döwründäki we ondan soňky dörän edebiýatymyzyň görnükli wekilleri hem şahyryň döredijiliginiň ugurlaryny dowam etdiripdirler. Şol nukdaýnazardan hem, Magtymguly Pyragyny türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasy diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi onuň pelsepewi garaýyşlary döwürdeş şahyrlaryň we ondan soňky edebiýat wekilleriniň döredijiligine hem täsir edipdir.

Magtymgulynyň pelsepewi pikirleriniň we dünýägaraýşynyň täsirini Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň, Keminäniň döredijiliginde görmek bolýar. Mysal üçin, Zelili Magtymgulynyň döredijiligindäki watançylyk, Kemine bolsa durmuşy temasyny ösdüripdir we dowam etdiripdir.

Magtymguly Pyragy diýlende, ilkinji hyýalyňa gelýän zat, ol hem şahyryň özbaşdak we adalatly döwlet gurmak baradaky taglymaty hem-de onuň şeýle bitewi döwleti gurmak baradaky arzuwydyr. Ol öz döwründe halky jebislige, adyl we berkarar döwlet gurmaga çagyrypdyr. Döwletlilik we adalatlylyk ýörelgelerini şygyrlarynyň içinden eriş-argaç edip geçiripdir.

Magtymgulynyň şygyrlary öwüt beriji, wagyz ediji äheňde ýazylyp, gymmatly hem terbiýeleýji edebi miras bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, Magtymgulynyň şygyrlary geljekki nesilleriň watansöýüji, ene topraga, ata Watana, ene-ata wepaly bolup ýetişmeklerinde gymmatly edebi hazyna bolup durýar. Pyragynyň uly arzuwy adyl döwlet gurmak bolupdyr. Goşgularynda adalatly bolmagy ündemekde iňňän inçe pikirleri öňe süren Pyragy «Gidiji bolma» şygrynda şeýle diýýär:

Eger çendi ki bol sahyby-mansap,

Sözün diňle, adalatly bol deňläp,

Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň bol hap,

Goldan gelmez işni ediji bolma.

Goşgudan görnüşi ýaly, eger derejeli emeldar (sahyby-mansap) bolsaň, iki tarapyň hem sözüni diňlemegi we adalatly ölçemegi, manyly gürlemegi we eliňden gelmeýän işi söz bermezligi nygtaýar. Şahyryň goşgularynyň her bir setiri oňa düşünmek üçin çuňňur pikirlenmäniň we ýiti düşünjäniň zerurlygyny orta atýar.

Adalatlylyk her döwürde hem adamzat durmuşynda örän wajyp bolupdyr. Adamzat döräli bäri müň heňňamy başyndan geçiren jemgyýetiň dürli taryhy döwründe hem adalatlylyk pelsepesi döwlet gurmagyň iň zerur ýörelgesi bolupdyr. Magtymguly döredijiliginde halkyň abadan, rahat we bagtyýar döwürde ýaşamagy üçin adalatyň hökman zerurdygy baradaky garaýşy öňe sürüpdir. Magtymguly Pyragy durmuşa hakykat nazary bilen çuň seredip, durmuş adalatsyzlygyny ýazgarypdyr. Jemgyýetdäki parahorlygy hem adalatsyzlygyň bir görnüşi hökmünde görüp, oňa garşy garaýyşlaryny we pikirlerini goşgularynyň üsti bilen halka ündeýär. Mundan başga-da, sosial deňsizligi tankytlap, durmuş adalatsyzlygy hökmünde ýazgaryp, jemgyýetde şeýle ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin her bir adamyň hut özüniň şol hereketlerden gaça durmagyny nygtaýar. Şunlukda, şahyrymyzyň döredijiliginde şeýle adalatsyzlyklary her kesiň ýazgarmalydygy we oňa garşy durmalydygy, adalatsyz işlere perwaýsyz garamaly däldigi baradaky pikirleriň öňe sürlendigine akyl ýetirmek bolýar. Beýik söz ussadynyň adalatlylyk ýörelgesi häzirki günlerimizde döwlet gurmagyň, döwleti kemal we dowam etmegiň ýörelgeleri hökmünde döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrüldi.

Daglar başyn ümür basan,

Jülgesinde güller ösen,

Her deminde namart gysan

Adyl şahdan perman bu gün.

Türkmen halkynyň weli hökmünde ykrar eden şahyry, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy «Bu gün» diýen şygrynda türkmen milletiniň bir gün ajaýyp zamana ulaşjakdygyny, berkarar döwletiň goýnunda ýaşajakdygyny öňünden gören ýaly goşgy setirlerine siňdiripdir.

Bu gün beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şol arzuwlan adalatdan kemal tapan berkarar, garaşsyz, özygtyýar döwletiniň tugy dünýä ýüzünde al-asmanda pasyrdaýar. Halkara arenasynda özüniň belent abraýy bilen bütindünýä derejesinde parahatçylygy we asudalygy goramak boýunça beýik maksatlary nazarlaýan we öňe sürýän döwlet hökmünde öň hatardaky orny eýeleýär.

Magtymguly Pyragynyň adalatlylyk taglymaty döwlet syýasatymyzyň baş ugry hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçilýän okuw sapaklarynda döwleti dolandyrmagyň wajyp ýörelgesi hökmünde diňleýjilere, talyplara ylmy hem-de amaly taýdan öwredilýär. Sapaklarda döwleti dolandyrmagyň wajyp ugurlarynyň biri bolan adalatlylyk ýörelgesi beýik filosof şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanylyp, beýleki şahyrlaryň döredijilikleri bilen baglanyşdyrylyp geçilýär. Akademiýamyzyň okuw sapaklarynyň meýilnamalarynda adalatlylyk taglymaty düşünjesini diňe millet derejesinde durmuşa ornaşdyrmak göz öňünde tutulman, eýsem, okuw jaýymyzda her bir döwlet gullukçysynyň gylyk-häsiýetine mäkäm ornaşdyrmagy gazanmak boýunça etiki bilimler berilýär. Sebäbi berkarar döwleti gurmagy arzuw eden Magtymguly Pyragynyň ýaşan topragynda bina bolan türkmen döwletini dolandyrjak döwlet gullukçylaryna şahyryň öňe süren adalatlylyk we döwletlilik ýörelgelerini wagyz etmek, olaryň ruhy dünýäsine ornaşdyrmak akademiýamyzyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň biri bolup durýar.

Bu gün Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini adyllyk bilen dolandyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Şeýle adalatly syýasaty durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzyň binýady asyrlara uzasyn! Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer pelsepäni öňe süren külli türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, baş pelsepäniň dowamatyny dowam edip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen adyl şygaryň eýesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Jemile HOMMAÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň

ýanyndaky Döwlet gullugy

akademiýasynyň uly mugallymy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000