Edebiýat

Edebiýat
28 gün 22 sagat öň
Akyldaryň söz we söhbet dogrusyndaky nesihatlaryndan

Magtymguly, ýangyl, öçgül,

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl!

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, –

Nesihat ýokmaýan ärden.

***

Akylyň sözünden köňül söýüner,

Akmagyň işinden zehin käýiner.

Muhannes giň ýerde akyl saýynar,

Dar ýerde akyly-huşy syndyrar.

***

Halal işle, ahyretden wehmiň bar,

Pakyry ynjytma, könül rehmiň bar,

Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiň bar,

Akyl bolsaň, söze gulak tut ýagşy.

***

Nefg almaýan kişi sözden, öwütden,

Aýralygy ýokdur gury söwütden,

Deň-duş bilmez, magny aňmaz ýigitden

Agylynda yssy beren it ýagşy.

***

Akmak özün akyl bilen deň eýlär,

Bir iş tutar, soňrasyndan jeň eýlär,

Zehiniň käýider, aklyň teň eýlär,

Diýdigiň eýlemez, naşy ýandyrar.

***

Magtymguly, döwran soňudyr adem,

Lahat atly öýge goýar sen gadam.

Many söz aňlamaz, biakyl adam

Danalaryň aýdan sözüne degmez.

***

Aňlamasaň, görde gizlen,

Akyldyr iş soňun gözlän,

Gepin tapyp, ýagşy sözlän

Misli dür seçen ýalydyr.

***

Ýamana ýagsy söz ýokmaz, taşlanar,

Aňlar äriň oýlanmasy güýçlener,

It ýalyn topraga dökseň hoşlanar,

Topragy, tabagy, tasy näbilsin?

Aňla sözüm, ner zarbyny ner tanar,

Har bakan har tanar, zergär zer tanar,

Eý ýaranlar, är ýigidi är tanar,

Namartlar ýagşyny, pisi näbilsin?

Nazar Hojanazarow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

20.06.2024


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000