Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlup ulanylmaga berlen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň dünýä meşhur döredijilik mirasynyň hormatyna dikeldilen belent heýkelde ünsüň biygtaýar eglenýär.
Öz halkynyň beýik söz ussady Raja Ali soltan Selangor şa nesliniň şejeresiniň görnükli wekilleriniň biri, 1777 – 1784-nji ýyllarda Malaýziýanyň hökümdary bolan soltan Ling-Riau Fisabiliniň agtygy.
Raja Ali Hajiniň doly ady Raja Ali Haji bin Raja Haji Ahmat bolup, ol 1808-nji ýylda Malaýziýanyň Selangor şalygynyň Riau şäherinde dünýä inýär.
Ussat şahyry uly meşhurlyga eýe eden eseri «Malaýlaryň we buglaryň gelip çykyşy» atly kitabydyr. Onda malaý halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandy wasp edilýär. Halkyň milli ideýasy dünýä ýaýylýar. Ýurduň gadymy şäherleriniň biri bolan Riaunyň tutuş malaý halkynyň aň-bilim we ylmy merkezi bolup durýandygy öňe sürülýär.
Raja Ali Hajiniň «Gymmatly sowgat» we «Şahyr Abdul Mälik» atly eserlerinde bolsa malaý halkynyň agzybirlik, watansöýüjilik, dost-doganlyk baradaky ajaýyp milli ýörelgeleri, asuda we abadan durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlary öz beýanyny tapýar.
Malaý halkynyň beýik söz ussady Raja Ali Hajiniň döredijiligi hem öwüt-ündew häsiýetli pikir-garaýyşlara baý. Akyldar şahyryň terbiýeçilik ähmiýetli ündew-nesihatlary onuň «On iki gurindam», «Patyşanyň wezipeleri», «Yhlasyň miwesi» atly eserlerinde has aýdyň şöhlelenýär. Söz ussadynyň «Malaý diliniň grammatikasy we düşündirişli sözlügi», «Dil bilimleriniň kitaby» ýaly kitaplary onuň ylmy döredijiliginde görnükli orun eýeleýär. Şundan ugur alnyp, malaý halkynyň dil medeniýetiniň ösüşini kämilleşdirmekde saldamly goşant goşan uçursyz zehinli alyma «Malaý-indoneziýa diliniň atasy» hem diýilýär.
Raja Ali Haji 1873-nji ýylda Penýengat adasynda aradan çykypdyr. Onuň ençeme dillere terjime edilen şygyrlaryndan, ylmy işlerinden düzülen meşhur döredijilik mirasy asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesle geçip gelýär.
Akyldar şahyryň dünýä halklaryna miras galdyran beýik eserleri Indoneziýanyň Bilim we medeniýet ministrligi tarapyndan maddy däl medeni miras hökmünde ykrar edilip, 2004-nji ýylda şahyra «Malaýziýanyň milli gahrymany» diýen hormatly at dakyldy.
Dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdyp, ýaşlarymyzda umumadamzat medeniýetine uly gyzyklamany döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.