Edebiýat

Edebiýat
57 gün 21 sagat öň
«Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar»...

  Bagtyýar zamanamyzyň bagtdan pürepürlenen her bir güni toýlardan toýlara ulaşýar. Ynha, taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýyllaryň biri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýatdan çykmajak wakalar bilen dowam edýär. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň ähli künjeginde hem-de bütin dünýäde giň gerimde dabaralar geçirilýär. Sözüň gudraty bilen nesiller üçin terbiýe mekdebini döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri bu günki gün bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Dünýä belli alymlar hem akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, şahyryň şygyrlary hakda ençeme eserlerini döredipdirler. Dana atamyzyň ençeme dillere terjime edilen goşularyna dünýä jemgyýetçiligi iňňän ýokary baha berýär. Bagtyýar zamanamyzda öňdengörüji şahyrymyzyň şygyrlary bagşylarymyzyň şirin aýdymlaryna öwrülip, belentden-belent ýaňlanýar.

  Pähim-parasatly pelsepeçi akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň 300 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi-de, akyldaryň döredijilik sarpasynyň umumadamzat derejesinde belentden tutulýandygynyň aýdyň subudydyr.

Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi köptaraply temalara baý bolup, many-mazmundan pürepür paýhasa ýugrulandyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi esasy orunda goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek üçin irginsiz zähmetini, joşup duran ylhamyny goşgularyna siňdiripdir.

  Mahlasy, pähimdar, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumadamzat jemgyýeti üçin beýik terbiýe mekdebidir.

Mährijemal GAÝLYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň talyby.

30.05.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000