Edebiýat

Edebiýat
21 gün 4 sagat öň
Magtymguly Pyragynyň mertlik hakdaky dürdänelerinden

* Eý ýaranlar, är ýigidi är tanar,

Namartlar ýagşyny, pisi näbilsin.

 

* Aga-begler muhannesiň on müňi,

Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.

 

* Mert bolar men diýseň merde hemra bol!

Namart merdi görse, amana geler!

 

* Mert ýigit mert ärden öner,

Namart asyl-ha mert bolmaz.

 

* Gurduň gözünde ot ýanar,

Şagal-tilkiler gurt bolmaz.

 

* Mert ýigitler gylyjyna daýanar,

Namart tuta bilmez elde çöp bolsa.

 

* Gürbeden şir olmaz, göhert ner olmaz,

Her daş göwher olmaz, misden zer olmaz,

«Är men» diýen her biweçden är olmaz,

Gaýraty, namysy, ary gerekdir.


* Bedasylda akyl bolsa dert bolmaz,

Müň tilki ýygylsa ýeke gurt bolmaz,

Namart kişi tä ölinçä mert bolmaz,

Taryp eýläp, ony öwmek biläni.

 

* Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,

Namart özün gizlär myhman ýoluksa.

 

* Namart köprüsinden ölsem geçmez men,

Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men,

Elinden bir käse şerap içmez men,

Sag elim sol ele mätäç eýleme.

 

* Namart içde syr saklamaz.

 

* Muhannesiň hergiz bolmaz köňli sap.

 

Taýýarlan: Döwletgeldi GARAÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň talyby.

 30.05.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000