Edebiýat

Edebiýat
167 gün 13 sagat öň
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Türkmen edebiýatynyň ýokary derejesi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen ölçenilýär. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda türkmen edebiýatynyň tanymal wekili, şahyr Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol türkmen syýasy-jemgyýetçilik pikirinde, milli şygryýetde düýpli özgerişleri geçiren, türkmen edebi dilini, edebiýatyny esaslandyran beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly, sözle herne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,

Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolar.

Magtymguly hyjuwly, joşgunly, söweşjeň watançy şahyr bolup, ol özüniň şygyrlarynda watançylygyň aýdyň nusgasyny görkezip gelipdir. Türkmeniň milli döwletini dikeltmekde, dagynyk türkmen tire-taýpalaryny birikdirmekde, türkmen edebi dilini döretmekde «köňle gelenini taraşlap şagladyp», arman-ýadaman işläpdir.

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Ol öz goşgularynda watançylyk duýgusyna diňe bir Watanyň tebigatyny söýmek, dogduk depäňi bilmek, Watandan aýra düşüp, gam çekip ýörmek däl-de, halkyň dilinem, däp-dessurynam, köpçüligiň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynam söýmek, hormatlamak, gahrymançylykly geçmişiňe, beýik şahslaryňa guwanmak duýgusynyň hem girýändigini belleýär.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ýürek owazyny, namys-arynyň päkizeligini diline ýugrup, öz halkyna peşgeş beren ynsandyr. Magtymguly türkmen taýpalaryny ilkinji bolup, bir döwletlilige birleşmäge çagyran, oňa göni ýol görkezen akyldar şahyrdyr.

Gündogar halklarynyň taryhyny, medeniýetini öwrenmekde ummasyz köp işleri eden hem-de ilkinji bolup eserleriniň milliligini kesgitläp, akademik W.W.Bartold: «... türki halkyýetleriniň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip, Magtymgula uly baha beripdir.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary edebi gymmatlyklarymyzyň özeni hasaplanylýar. Şahyryň ähli döwürde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de sarpasy belentden tutulýar. Ol dünýä medeniýetine diňe bir milli şahyr bolup girmän, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem iň görnükli wekilleriniň biri bolup giren beýik şahyr hem akyldardyr. Onuň bize goýup giden medeni gymmaty hiç haçan ýitmeýär.

Magtymgulynyň ilkinji gezek doly ýygyndysyny çapa taýýarlan Berdi Kerbabaýew 1940-njy ýylda ýazan «Magtymguly we oňa bolan garaýyş» atly makalasynda: «Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňraky geljeklere altyn fond galdyrdy» diýip, şahyra uly baha berýär.

2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklary dünýä ýaýmak babatda öňde goýan meseleleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir şaýady boldy.

Bu gün türkmen iline Magtymgulynyň ömürboýy arzuw eden ajap zamanasy geldi. Indi türkmeniň öz dili, öz dini, özbaşdak tugy bar. Bu gün bütin türkmen halky bir başa bakyp, bir supranyň başynda agzibirlik, asudalyk höküm sürýän Garaşsyz, baky Bitarap parahat ýurtda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Bu gün özüniň ýaşan döwründe ýekeje kitabyny çykarmaga-da pitiwa alyp bilmedik akyldar şahyryň kitaplary hem diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, dünýäniň köp dilinde köpçülikleýin çap edildi hem edilýär. Magtymguly Pyragyny älem tanaýar, okaýar, öwrenýär.

Gahryman Arkadagymyz Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny okap bermek bilen şahyryň ömri we döredijiligini köpçülikleýin öwrenmek barada gymmatly sargytlaryny berdi. Şonuň üçinem akyldar şahyryň bize galdyryp giden mirasyny düýpli öwrenmek, onuň ömür-durmuşyny yzarlap, täze-täze maglumatlary ýüze çykarmak, olary ile ýaýmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Bu möhüm ähmiýetli işe alymlarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz, drama, kino işgärlerimiz hem öz goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Alymlarymyz daşary ýurtlara gidip, şahyryň şygyrlaryny gözleýärler we öz ýurdumyza getirýärler. Biz hem bu ugurda elimizden gelenini edip, şahyryň ömrüni, döredijiligini öwrenmekde birnäçe işleri ýerine ýetirdik. 2018-nji ýylda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Magtymguly Pyragy we Allaberdi beg» atly kitabym hem biziň ýedinji arkamyzdan bolan Allaberdi beg Dinmuhammet oglunyň şahyr bilen saklan dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyldy. Şonuň ýaly-da, akyldar şahyr hakynda «Magtymguly diýe-diýe» atly hekaýalar toplumyny döretdim. Olaryň käbiri döwürleýin metbugat arkaly okyjylara ýetirildi. Başga-da, il içinden toplan maglumatlardyr rowaýatlarym esasynda «Pyragynyň dosty» atly powestimi ýazdym. Maňa bu ugurda gymmatly maglumatlary, rowaýatlary aýdyp beren adamlardan örän hoşaldyryn.

Magtymgulynyň edebi mirasy häzirki zaman türkmen edebiýatynyň hem diliniň gözbaş alyp gaýdýan esasy döwrüne degişli bolup, ol bu gün hem halkyň ruhy dünýäsiniň gözelleşmeginde, ýaş nesli döwebap watançylyk ruhunda terbiýelemekde altyn hazynadyr.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy dünýäniň şygryýet äleminiň ägirtleriniň biridir. Onuň edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy hazynasy, şol bir wagtyň özünde-de dünýä medeniýetiniň ebedi gymmatlygydyr. Her bir türkmen üçin şahyryň umman ýaly çuňdöredijiligi milli ruhy baýlyk hasaplanýar.

Magtymgulynyň goşgularynyň mazmuny we estetiki garaýyşlary adamkärçiligiň belent hem asylly sypatlaryna, adam ruhunyň gözelliklerine, täsinliklerine ýugrulandyr. Magtymguly hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem gözel, kalbynyň päk bolmagyny arzuw edipdir. Ol bütin döredijiligini il-gününe bagyş edipdir. Şeýle-de beýik söz ussadymyzyň döredijiliginden kalp mähremligi, arassalygy we mylaýymlygy, söz, onuň manysy hakyndaky şireli setirler eriş-argaç bolup geçýär.

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymgulynyň ajaýyp şygryýet dünýäsi biziň geljekki bagtly günlerimiziň binýady bolar. Ýyllar aýlanyp, günler dolandygyça, ol bize has beýik, mukaddes, ýakyn hem eziz bolup görünýär. Kalbynda Magtymgulynyň ruhuny göterýän halk bolsa geljekde-de sapaly durmuşyň hözirini görüp ýaşajakdygyna şübhelenmese bolar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini arşa galdyrýan, Türkmenistan Watanymyzy uly ösüşlere, beýik ýeňişlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-gün, tutuş adamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Goçy ANNASÄHEDOW,

Türkmenistanyň at gazanan

medeniýet işgäri, ýazyjy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000