Edebiýat

Edebiýat
57 gün 21 sagat öň
«Ýerinde hünäri, işi gerekdir...»

«Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen ata-babalarymyz ylym-bilim öwrenmegiň örän wajypdygyny pähimli setirlerinde bize ýetiripdirler. Öňdengörüji akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem bu babatda: 

— Ylym-taglym algan seni unutmaz,

Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

– diýip ençe ýyllap bilim alan ylym ojagyna bolan çäksiz sarpasyny, köňül senasyny joşgunly setirlerine siňdiripdir. Ömrüni döredijilige bagyşlan pähimdaryň «...Il-günüme bagş etdim, Zyban içre asalym...» diýen setirleri onuň öz halkyna, ene topragyna we ata Watanyna bolan çäksiz söýgüsi, mähri bolup, sözüň gudratyndan syzylyp, kalbyňy ýyladýar. Ylym-bilim öwrenip, hünärli bolmagy, halal zähmet çekip, haýyrly ýaşamagy ündän pähimdar bu babatda: 

—Mert oldur ki, bolsa könli rehimli,

Göwresi gin gerek, özi pähimli,

Gin ýerde garga deý bolsun wehimli1,

Ýerinde hünäri, işi gerekdir...

 

ýa-da:

Dünýe görmeý, tutgun galsan bir künçde,

Bady-paý1 dek ýer ýüzüne ýeldim tut;

Çyn-Maçynda, Rumda, Hindde, Hebesde

Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut

 diýip jaýdar belläpdir. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň aladalary netijesinde, türkmen ýaşlarynyň halan hünärinden ýokary bilim almagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi, ösen dünýägaraýyşly, giň düşünjeli nesil dowamatlary bolup kemala gelmekleri ugrunda umumadamzat bähbitli işler amal edilýär. Biz hem talyplar bilen bir hatarda dana öňdengörüjiniň pendi-nesihatlara ýugrulan döredijiligine bagyşlanan duşuşyklara, bäsleşiklere we beýleki köpçülikleýin dabaralara işjeň gatnaşyp ukyp-başarnygymyzy görkezýäris.

     Biz — türkmen ýaşlary akyldar şahyrymyzyň pähimlerine eýerip, dil öwrenmäge, yhlas bilen okamaga we bilim tejribämizi baýlaşdyrmaga yhlasymyzy gaýgyrmarys. Geljekde ykbalymyzy baglan hünärimizi düýpli öwrenip, Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny Arşa galdyrmagy öňümizdäki baş maksadymyz edýäris. Ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary bilim almagy, dünýä dillerini suwara öwrenip, parahat Diýarda zähmet çekmekleri we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin uly aladalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk arzuw edýäris.                  

 Mähri HUDAÝGULYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

30.05.2024

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000