Edebiýat

Edebiýat
286 gün 14 sagat öň
Alabahar duýgular

Hakydanyň öz seçgi kanunlary bar. Ol ýyllardan, ömürlerden, günlerden diňe pursatlary süzüp, alyp galýar. Bir akylly hem duýguçyl fransuz — Gaston Rupnel «Wagt ýok, pursat bar» diýýär. Dogry bolsa-da ahmal. Özgäni biljek däl, öz hakydamyň işleýşiniň şeýledigini aýdyp biljek. Uniwersitet ýyllarynda gatnaşan, görşen, oturyşyp-turşan ýigitlerimiziň biri şahyr Çary Ýegenmyradow hem diňe aýry-aýry pursatlarda ýadymda galypdyr. Eýsem, pursat diýip, kem baha bermeli däl, ylaýta-da, Eýnşteýn ýa Rupnel tekstleriniň hakykaty bilen ýüzbe-ýüz bolanyndan soň, pursadyň içinde köp zat, juda kän zatlar bar. Hakyda pursadynyň magnit meýdanynyň merkezinde duran Çarynyň golaýynda bir ýerlerde Atajan Annaberdiýew, Gurbannazar Ezizow, Magtymguly Pyragy we ýene-ýeneler bar. Şahyr Atajan Annaberdiýewi ömrümde ilkinji hem iň soňky gezek Çarynyň saçagynyň başynda, şahyrlar söhbedinde gördüm. Ol G.Ezizowy görşüni ýatlady. Aýdym-sazyň muşdagy, akkordeona ezberlik bilen erk edýän Atajan Annaberdiýew aýdymyň arasynda şygyr okaýardy. Süýji hem gyzykly gürrüňler bilen aýdymyň hem şygryň mazasynyň üstüni ýetirýärdi. Magtymguludan «Gökje kepderini» sanap oturyşyna:

Ýer-gögüň arasynda,

Harmanlar gyrasynda,

Hudanyň penasynda,

Gezerdim sähralary

bendine ýetende, aýdymy kesdi-de, bu setirleriň bir wagtlar G.Ezizowyň sulhuna üýtgeşik täsir edendigini ýatlady. Bu täsir maňa tanyş we düşnükli. Şygyr aýdym edip aýdylanda, täzeden we başga bir zat bolup dogulýar. G.Ezizowyň bir kitabyny «Ýer-gögüň arasynda» atlandyrmagynyň aňyrsynda-da aýdymyň täsiri we güýji ýatandyr diýseň ýalňyş bolmasa gerek.

Çary bilen baglanyşykly ikinji bir hakyda pursadynda-da owazyň orny bar. Geçen asyryň ahyrlarynda, talyplyk ýyllarymyzda Magtymguly Pyragynyň öň bilinmeýän şygyrlarynyň neşirleri başlandy. Şygryýetiň gaşynda däl-de, içinde bolýan, şygyr howasyndan dem alyp ýaşaýan Çary – aýratyn täsir edendir-dä — Magtymgulynyň şu setirlerini daşyndan okanyny duýman galdy:

Kimi bäş ýyl, kimi on ýyl, kimi ýüz ýylda geçer,

Beýik daglar, uzak ýollar, suwsuz çöller andadyr.

Şygyr — pikiriň hem duýgynyň owaza öwrülmegi. Şeýle öwrülişikden öň pikirdir duýgy metaforiki başdangeçirmä duçar bolýar. Täze şahyr diýmegiň nämedigini hemmämiz bilýäris. Täze şahyr — täze metaforalar diýmek. Metafora täzelense, duýgy täzelenýär, duýgy täzelense, dünýä täzelenýär. Bu hakykata Çary Ýegenmyradowyň 2015-nji ýylda neşir edilen, häzirlikçe ýeke-täk şygyrlar ýygyndysy şaýatlyk edýär. Şahyryň her metaforasy — bir damja duýgy. Bu damjada tutuş şygyr ummany görünýär. Garagumda damla guýulary bar. Dama-dama, damjadan emele gelýän guýa damla guýular diýilýär. Çarynyň täze, özboluşly we her bir çyn sungat ýaly garaşylmadyk we şeýle tebigy metaforasy damla guýusynyň suwy ýalydyr: onda beýnä lezzet beriji tagam, kalba ýagtylyk beriji many we bedene güýç beriji zowky-sapa bar. Şahyryň metaforalary şahyrana aňyň täze we özboluşly assosiatiw (duýgy baglanyşyklary) hataryny emele getirýär.

Men kölege deý ruhy aňymda galan,

Atamyň duýgusy, inçe dowamy.

Täleý şatlygyma salypdyr talaň,

Goýup nesibäme sergin howany.

Görnüşi ýaly, ahyrky netijede ötlem-ötlem assosiatiw hatarlardan başga bir reallyk dikelýär. Ol inçe barlykdan bize tarap ýaşaýşyň «ruh» atly çeşmesi akyp gelýär. Madda ruha, gödeňsilik inçelige öwrülýär. Bir paýhasly kişiniň aýdyşy ýaly, ýaşalan pursat — duýgy gapma-garşylyklarynyň utgaşygydyr, ynsan kalby bolsa, bu gapma-garşylyklary utgaşdyryjy beýik güýçdür. Şahyryň özi bu aldym-berdimli, daşgynly-gaýtgynly utgaşygy duýgy pitnesi atlandyrýar.

Ýakyn maňa niçik ezýet berse-de,

Duýgularyň köňüldäki pitnesi.

Şahyrana köňül täsin kaleýdeskopy ýada salýar: bu ýerde duýgularyň reňkleri we formalary, ululyklary we göwrümleri prozaiki adatylyga eýlenen şowakör köňüldäkiden asla başgaça – reňkler has ýiti, formalar görülmedik geometriki utgaşykda, ululyklar has ululyk bilen, göwrümler göwrümsizlik bilen häsiýetlenýär. Eýsem, bu kalbyň öz dünýäsini özi döretmegi dälmidir, eýsem bu kalbyň baýramçylygy — üşügi bir gysym, hyýalaty bir çümmük körzehine nesip etmeýän kalp baýramçylygy dälmidir.

Diýmek, hiç kimdenem ogurlamadym,

Men bu kalbymdaky baýramçylygy.

Bu baýramçylygyň ýönekeý manysy şeýle: şahyryň içinde daşky dünýä barabar, hatda ondanam uly dünýä bardy. Öz içki ýaşaýşy şahyry özgelige mätäçlikden gutarýar. Dünýä şahyryň daşynda däl, şahyryň dünýäsi onuň içinde. Ol barlyk atalaryň ruhy ýaly süňksüz, bimaddy barlyk. Kalbyň «bi-», «-siz» grammatikasy bilen häsiýetlenýäni üçin, ol daşky dünýä ululygyndan uly ululyga ýetmäge ukyplydyr.

Men äpet adam däl, emma ýüregim

Bütin dünýä giňligine barabar.

Ol nurunyň çeşmesi öz içinde bolan barlyk.

Emma men ejiz däl, kalbym ýagtylyk.

Biziň duýgy baradaky aňlatmalarymyzyň ýöntemdigi şeýle şygyrlary okanyňda, has hem belli bolýar. Biz ten duýgulary bilen ruhy duýgulary gatyşdyrýarys. Ten duýgularyndan parhlylykda, ruhy duýgynyň eýesi ynsan kalbydyr, kalp bolsa zatlaryň we maddanyň o tarapyna geçmäge ukyply ruhy şahsyýetdir. Şonuň üçin hem onuň ýaşaýşy bäş sany ten duýgusy bilen kesgitlenmeýär. Eýsem, «heser» duýgusyny haýsy ten agzasy bilen baglanyşdyrarsyň?!

Ýürek heser tapdy, ahmal ozalda

Duýgudan bar etdi Ýaradan meni.

Zat ýa ten «Ýaradan» ideýasyny bilmeýär. Ruhuň «heseri» birdenem zatlaryň we jisimleriň dilinde sözläp başlaýar.

Çünki ýel öwüsýär kalbymda meniň,

Tupan turýar hemem ýagýar boragan.

Çary Ýegenmyradowyň şahyrana kalbynda aýratyn ýumşaklyk bar. Könemöwrit eşidilerinden çekinmän şeýle diýmeli bolsa gerek: bu şahyr baharyň, özem ir alabaharyň şahyry. Bu şahyrana kalbyň ýeke pasly bar — ol alabahar pasly. Alabahar şahyrana, tüýs metaforiki pasyldyr. Çünki ol hakyky zemin baýramçylygy. Şahyrana metafora ýaly, her gelende dünýäni täzeleýär, döwrany, zemini, wagty hem ýaşaýşy täzeleýär. Munuň barlygy arkasyndan zemin ýaşaýşy heýhat könelmekden, poslamakdan, zeňlemekden we zeý almakdan halas bolýar. Dünýäni garrylykdan we garramakdan halas ediji üç zat bar: pursat, bahar we metafora. Çary Ýegenmyradowyň juwan şygryndan görnüşi ýaly, bahar ýyly täzeleýär, pursat wagty täzeleýär, metafora arkasyndan bolsa dilimiz we kalbymyz gadymy rowaýatlarda bürgüdiň perini täzeleýşi ýaly täzeden janlanýar. Dil we kalp diýmek, mekan diýmek, ömür giňişligimiz diýildigidir. Ruhumyzyň mekany — dilimiz, duýgularymyzyň mekany — kalbymyz. Şygyr sözlerimize gaýtalanýan diriligi, duýgularymyza baky juwan hakykylygy we dogruçyllygy bagyş edýär. Nowalisiň aýdyşy ýaly, «Näçe şahyrana bolsa, şonça-da hakykydyr».

Sen kalbymyň owazyny alyp gal,

Ýaz ýeli dek mylaýymdyr ol aýdym.

Wagtyň şahyranalygyna biz nowruz diýýäris.

Mendirin şol nowruz gary gelende,

Bulutlar goýalyp mürepbe ýaly...

Bu şahyryň gary-da ýumşak hem näzik, aýazsyz gar, nowruz gary. Nowruz garynyň boragan, gaý-tupan, doňaklyk bilen hiç hili dahyly ýok. Nowruz gary bahar ýagmyrynyň başga bir görnüşi, ol neýsan ýagmyry ýaly, baldaga siňdigi, köklere ýetdigi, şolbada güle öwrülýär.

Şonda-da bir täsin adam diýeniň,

Ony sähelçe zat salýar heýjana.

Men seni küýseýän ýagyş ýaganda,

Gar ak bägül bolup düşse meýdana.

Meni Çary Ýegenmyradowyň «gar» metaforasy haýrana goýdy. Haýran galmak — haýrat duýgusynyň döremegi. Ol kalbyň ylhamynyň başy, asmandan gar bolup gaýdýan, zemine bolsa gül bolup düşýän täsinlik tebigatda ýokdur, ol diňe şahyr kalbynyň howasynda we tebigatynda mümkin zat. Ýöne dünýä tebigatyna ýetdirmeýän bu metafora ruhuň we kalbyň ýaradyjylyk güýjüni göz etmek bilen bir wagtda, asmanyň we zeminiň, ýagny tebigatyň garyna has şahyrana düşünmäge mümkinçilikdir. Çarynyň bu metaforasy aňymda bir assosiasiýany oýardy: Andreý Woznesinskiniň «Million, million al bägüli» ýadyňyzdadyr. Bu obraz Çarynyňky bilen deňeşdireniňde, sadarak we adatyrak gelýär diýmäge het edip bilerin. Bägül gar hatda möçber taýdanam ol şahyryň bägüllerindenem has köpdür, muny astronomiki sanlar bilen sanamaly bolar. Bu — kosmiki bar, kosmiki bägül.

Gül bilen gar utgaşygynyň diňe poeziýada mümkinligi şygryň aýratyn ontologik mertebesine yşarat edýär. Şygyrda özge barlykda mümkin däl utgaşmalar bara gelýär. Poeziýanyň adatdandaşary gözelligi şeýle şahyrana utgaşmalaryň netijesidir.

Men ýagty jahandan yşk gözledim,

Tümlük baglan çagy didelerimi.

Ýat göwünlä bagş etmäge dözmedim,

Köňlümdäki polýar gijelerini.

Soňky iki setirdäki metaforany öz ähmiýeti boýunça metaforalar başy, metaforanyň metaforasy atlandyryp bolar. Şahyr köňlündäki aňk ediji gözel polýar gijeleri ruhuň güýjüniň şaýady: diňe şahyrana sözde mekan tutunyp bilýän ruh planetanyň o çetindäki polýar gijesini Garagum sährasyna getirip, garagumly şahyryň kalbynda oturtmaga ýeterlik güýje eýedir.

Iň oňat şygyr, iň oňat şahyrana keleme nakyla ýa matala (haýsy bolanda, tapawudy ýok — çünki bu ikisi bir poeziýadyr) öwrülip bilýän şygyrdyr. Nakyldyr matalyň esasy güýji akylynda däl, görkündedir. Nowalisiň ýaňky sözlerini ýatlalyň! Çarynyň şahyrana görki mynasybetli öz-özünden, doglan badyna nakyl ýa matal tebigatyna, äheňine eýe bolýan setirleri bar:

Soň bir gün şatlygyň armana ýazyp,

Otly tagan bolup boýnuňdan iler.

Alada bar şatlygymyň teýinde

Belki, ömrümiziň manysy bardyr,

Duýgulaň kiriş deý dartylmasynda.

Aforizm kalba ganat bitişiniň howalylygydyr. Howalylyk arkaly söz dil adatylygynyň lençlik kapasasyndan boşaýar. Söz duýgy ýaly erkinlige çykýar. Diňe erkin söz janly duýgyny aňladyp biler.

Her şahyryň öz metaforasy bar, çünki öz assosiatiw hatary bar. Bu hatar näçe ter bolsa, şahyr şonça-da täzedir. Edil şu ýerde diňe üç obrazy agzamak ýeterlik bolsa gerek: «sarygül», «garga», «aýpalta». Bu metaforalar endige öwrendikli aňymyzy duýgy çarhynyň bimany aýlawyndan boşadýar. Tutuş şahyrana diliň, dünýä dillerinde edil şu gün aýdylyşy ýaly, assosiatiw hatarynyň täzelenmegine mümkinçilik açýar. Her metafora birje mysal:

Göwün küýsäp sary güli ýolaryn,

Ýylaklary garyş sere ýaýladan.

Bahargül men saňa baharda duşdum,

Gargalaryň owazynda gam barka.

Aýpalta meňzeş Aý gülýaka bolup,

Dakylmasyn bir ýeňlesiň boýnuna.

«Gözel sarygül», «garganyň nalyşy», «owadan aýpalta» — bular kalbyň gözüni täzeleýär.

Çary Ýegenmyradowda sähra bilen içgin hem pynhan ýüzbe-ýüzlük bar. Bu sähra poeziýa göni gelip giren sähra. G.Ezizow ýaly Çary sähra daşyndan gelen adam däl — diýenimizde biz ýöne adamlar hakynda däl-de, şahyrlar hakynda aýdýarys. Ç.Ýegenmyradowyň şahyrana erki, duýgy köki-damary, ruhunyň we kalbynyň estetiki asly — nesebi şu sährada G.Ezizowda sähra bilen şäher arasynda biraz ünjüliräk bolsa-da, sazlaşyk bar. Soňky şahyr Çaryda bolsa, sähranyň daşyndaky dünýä bigäneligine we saýrylygyna galýar.

Çary şahyryň kapyýasynda, melodikasynda hem düýpli täzelikler bar. Kapyýa şygyr sungatynyň esasy bir synasydyr. Kapyýa – assosiasiýalar çugdamy. Ol emelsiz şahyryň emelsizliginiň görkezijisi. Zanny şahyrda kapyýa şygryň gözleridir, bu gözlerden şygryň kalby görünýär. Çaryda hem hakyky sungatdaky ýaly kapyýa şygryň bütin durkuna ýaýrap durandyr. Şygyr durşuna gözdür. Merlo-Pontiniň aýdyşy ýaly, bu gözüň täsinligi onuň diňe dünýäni däl, eýsem öz-özüni-de görüp bilýänligindedir. Bir arifmetiki hakykata güwä geçip biljek: diňe Çary Ýegenmyradowda mutlak kapyýa bar. Eýsem, bu hakda ýene bir gezekde.

Aman ŞYHNEPESOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň

türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000