Edebiýat

Edebiýat
50 gün 18 sagat öň
Akyldaryň terbiýeçilik ähmiýetli dürdänelerinden

Mert bolar men diýseň, merde hemra bol!

Namart merdi görse, amana geler!

***

Mert ýigitler gylyjyna daýanar,

Namart tuta bilmez golda çöp bolsa.

***

Bir ýagşylyk etse adam biweji,

Her mejlisde ýüz ýol tile getirmiş.

***

Ümsüm otur, halk içinde sözleme,

Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy.

***

Ker bilen hylwat söz gurma,

Ýola girme kör biläni.

***

Sözläbilseň ýagşy sözle,

Halk ýamanyň bizarydyr.

***

Adam bardyr, bir söz diýseň äşgärdir,

Adam bardyr, hamyn soýanda aýtmaz.

***

Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,

Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.

***

Mähekdir syryny gizlän,

Akyldyr iş soňun gözlän,

Gepin tapyp, ýagşy sözlän,

Misli dür seçen ýalydyr.

***

Akylly az gürlär, gorkar tilinden,

Namart aýyp gözlär dogan ilinden,

Bilbil jyda düşse gyzyl gülünden,

Gülün arzuw eýlär, asala gonmaz.

***

Magtymguly, halkdan syryn gizlese,

Dişini uşadyň ýalan sözlese.

Owalda, ahyrda Eýäm gözlese,

Garyp biçäräniň paýy, gözel sen.

Orazgylyç ORAZGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

06.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000