Edebiýat

Edebiýat
312 gün 23 sagat öň
Akyldaryň döredijiliginde Watan mukaddesligi

Türkmen edebiýatynda özüniň nusgalyk eserleri bilen beýik şahyr, dana filosof, akyldar, görnükli söz ussady hökmünde öçmejek yz goýup giden Magtymguly Pyragynyň watançylyga ýugrulan şygyrlary hakynda çuňňur oýa batýarsyň. «Pikir derýasynda akyl gämisini» saldarlap, onuň hakyky watançydygyna, şu topragyň mert ogludygyna ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Onuň:

Eşit, adam, dogan ilden,

Gaýry mähriban ýurt bolmaz –

diýen setirleri her bir adamyň ykbalynda dogduk topragynyň aýratyn orun tutýandygyny beýan edýär.

Şahyryň togap eden dag-derelerini, çeşme-çaýlaryny wasp eden ylhamynyň keramata deňelýän mukaddes toprakdan gözbaş alandygy baradaky pikirler bolsa Hakdan halatly adamlara mahsus aýratynlyklaryň esasysynyň Watan bilen bagry badaşanlygyndandyr. Elbetde, ömrüniň manysyny dogduk mekanyna baglan şahyryň Watan hakynda oýlanmagy, eser döretmegi tebigy ýagdaýdyr. Ol bu hörpden gopýan şygyrlarynyň ählisinde diýen ýaly gudratly türkmen topragynyň her bir künjünde gabat gelýän gözelligiň, täsinligiň tarypyny ýetirýär:

Öňünde belent dag, serinde duman,

Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.

Şahyryň Watana bolan gyzgyn, beýik hem-de synmaz söýgüsini özünde jemleýän şygyrlaryň şahyrana lirizmi, duýgy baýlygy, akgynlylygy onuň döredijilik zehininiň egsilmez gorundan, döredijilik dünýäsiniň şahyranalygyndan habar berýär. Watan hakyndaky söhbedini şirin mukama, näzik owaza öwren söz ussadynyň her bir jümlesi belent ýaňlanýar:

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,

Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Adamyň ýagty jahana gelen dogduk mekanynyň keremli goýnundan özge ýerde bagtyýar ýaşamajakdygy hakyndaky ideýalar bolsa bu temadaky şygyrlaryň bütin süňňüne siňdirilipdir:

Ilinden aýra düşen

Ah urar, ili gözlär.

Akyldaryň şygryny ömrüniň ýolgörkezijisi, maslahatçysy edinen türkmen halkynyň öz dana ogluna goýýan gadyr-sarpasy bimöçber. Halkymyz heňňamlaryň gerdişinde beýik şahyryň ajaýyp pikirleriniň, many-mazmuna ýugrulan şygyrlarynyň ýitip gitmegine ýol bermän, her bir setirini kalbyna hem aňyna mäkäm salypdyr, söz gudratyny saza salyp müdimileşdiripdir. Häzirki wagtda bolsa Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir ýurdumyzda ýa-da Gündogar ýurtlarynda däl, eýsem, dünýä ýüzünde ynsanperwerlige çagyrýan gymmatly edebi gollanma hökmünde söýlüp okalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu şanly sene mynasbetli şahyryň şahsyýetine, döredijiligine, ündeýän ideologiýasyna hormat goýup döreden ajaýyp şygry bütin halkymyza, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijilere taýsyz peşgeş boldy. Şygyrda Milli Liderimiz:

Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,

Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine –

diýmek bilen, şahyryň türkmen halkynyň arzuwlaryny, isleglerini şahyrana beýan eden «janly tildigini» juda ýerlikli belleýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, umuman, türkmen edebiýatynyň dürdäneleriniň gymmatyny bilip, olaryň halka, tutuş ýer ýüzüne çykarylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, sözüň hem-de söz ussatlarynyň gadyryny bilip, mynasyp hormat-sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Güljemal GURBANMÄMMEDOWA,

Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň

müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.  


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000