Edebiýat

Edebiýat
179 gün 21 sagat öň
Gözýetim

Toýlarym bar

Ak gar sepelän ak gyşly,

Miweli tomsy alkyşly,

Elwan gülli, saýrak guşly,

Şat ýazlarym, güýzlerim bar.

Gül zamana, ajap eýýäm,

Bagtymyň hözirin görýän,

Diýara söýgüden urýan,

Ylham joşýan kükregim bar.

Garagumuň müňläp gerşi,

Egsilmez, hazyna hersi,

Gum däldir, altyndyr durşy,

Bereketli topragym bar.

Türkmen myradyna gowşan,

Derýa deýin dolup daşan,

Dabarasy dagdan aşan,

Goşa-goşa toýlarym bar.

 

Aşgabadyň gijesi

 

Sen gözel hem owadan

Bagtyň çüwen bijesi.

Dünýäni haýran eden

Aşgabadyň gijesi.

Al-ýaşyl mawy yşgy,

Gözeldir ajap keşbi,

Ýatladar altyn köşgi,

Aşgabadyň gijesi.

Belent-pesli binasy,

Ak mermerden lybasy,

Gözelligiň seresi,

Aşgabadyň gijesi.

Görenler gaýta görer,

Görmedik arzuw eder,

Owazaň dünýä ýeter —

Aşgabadyň gijesi.

Aşyklaryň şäheri,

Pasyllaryň bahary,

Gözelligiň açary —

Aşgabadyň gijesi.

 

Ene mähri

 

Ene mähri kalbymyza

Guýlan eken öwdi bilen.

Ynsan gelýär kemalyna,

Enäniň ak süýdi bilen.

Owal-ahyr ýer ýüzünde,

Eziz ene mukaddesdir.

Watan bar ene deňinde,

Özge barlyk ondan pesdir.

 

Atalaryň mekdebi

 

«Ertir turup ataňy gör»

diýen pähim bar illerde.

Bu söze eýerseň eger,

Abraýyň artar her ýerde.

Alsa her kim ak patany,

Atalaryň mekdebinden.

Hiç armanda galmaz jany,

Umytly bor geljeginden.

 

Aý dogupdyr

 

Aý dogupdyr asmanda,

Ýüze sylýar ellerim.

Nurdan doly agşamda,

Gaşynda gül dilberiň.

Aşyk ýüregmi açyp,

Deňäp ony Aý bilen.

Wasp etsem gara saçyň,

Çözlände emaý bilen.

Hiç bir gussaň ýok ýaly,

Gam göwnüme düzüler.

Ýene özüm oklaryn

Ylham atly güzere.

Tapylar täze sözler,

Şol güzeriň boýunda.

Täsin gudrat, jady bar,

Öz Aýymyň roýunda.

Rahman DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Dokma senagaty

ministrliginiň iş dolandyryş bölüminiň başlygy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000