Edebiýat

Edebiýat
179 gün 23 sagat öň
Gözýetim

Çykyp gidip bilmerin

Seň dünýäňden çykyp gidip bilmerin,

Demigerin — howa ýetmez öýkene.

Şonda haýpym geler,

deňziň düýbüne

çöküp barýan bagty ýatan ýelkene.

Aslyşyp deňiziň tolkunlaryndan,

Gark bolasy gelmez köne ýelkeniň.

Munda öz-özüňe halasgär bolup,

Uly dünýä barabardyr galkanyň.

Jyklap ýörmän ýapyk gapylaryndan,

Seň dünýäňde biraz düşläsim gelýär.

Şol bir gaýtalaýan sözlerim bilen,

Seniň ýüregiňe düşmäsim gelýär.

Hol deňze seň söýgi deňziň diýdiler,

Men ol deňze aşyk boldum — kararsyz.

Gark bolmasyn onda yşk ýelkenleri,

Hem bolmasyn, ol hiç mahal

kenarsyz!

...Seň dünýäňden asla çykyp gitmerin,

Demigerin — howa ýetmez öýkene.

Ýöne haýpym geler,

deňziň düýbüne

çöküp barýan bagty ýatan ýelkene.

 

Ýaly men

Gyzygy gaçypdyr günleň birhili,

Ýaryşda ýeňilen bedew ýaly men!

Dek düýnjügem sygamokdym giň dünýä,

Öz yşkymdan ýalydym-a däli men!

Saz çalýardy öwsüp barýan ýellerem,

Baglar başyn egip, berýärdi salam.

Saçlarymy ýoljak-ýoljak bolardym,

Içimde ses edip aglanda kelam.

Bagryma basaýsam, bassam diýýärdim,

Tolkunlary meňzeş görüp yşkyma.

Mende diňe jan galypdyr, elhepus!

Indi haçan gelerin men ysgyna?

«Bagyşla» sözünden berç bolan dilim,

Indi maňa öýke bilen garaýar.

Başyma täç etmek islän duýgulam,

Gazap bilen ikiýana yraýar.

«Sähelçe sabyr et, gara bulutlar

uzak durmaz, geçer gider» diýerdim.

Aýby ýok, belki-de, kysmat şeýledir,

Tüm gijeler özüm aglap diňerdim.

Wah-eý, şonda gol uzadyp ýyldyzlar,

Çygjaran didämden öpüp giderdi.

Olarda yşk-söýgä biparhlyk ýokdy,

Öňümde dyzlaryn epip giderdi.

O duýgular uçup gitdi guş deýin,

Ah, olar asmany küýsän bolarly!

Ýürekleriň birleşmeýän ýerinde,

Heý-de, bir otlukly söýgi bolarmy?

...Gyzygy gaçypdyr indi o günleň,

Ýaryşda ýeňilen bedew ýaly men!

Dek düýnjügem sygamokdym giň dünýä,

Öz yşkymdan ýalydym-a däli men!

 

Ýatdan çykdyň...

Ýatdan çykdyň guýa gaçan iňňe deý,

Ýüregmiň üstünde köz goýup bölek,

Bulutlaram dagap gider ekeni,

Haçan-da göwünler bolanda bölek.

Ýat saýanlam ýakyn bolup barýarlar,

Degýän ýogsa käte göwünlerine.

Indi olaň şatlyk-gaýgylaryny,

Göterer ýörerin göwün ýerine.

Şeýdip, seni ýatdan çykarjak borun,

Aslynda, mähirsiz gül kime gerek?!

Gözlerime yssy görnüp bilermi,

Öňümde başyny egmedik derek.

Bogmaň duýgulary gedemlik bilen,

Taşlamaň olary çalajan halda!

Aldanyp gezeýin, goý, ömürboýy,

Dirikäm ýakandan, müň gezek alda!

«Söýýän!» diýip alda, aldaber, alda,

Onsuzam ýeterlik ýalany dünýäň.

Başarmak islemän bulaň hijisin,

Sen gaýtam ýüregi has beter dilýäň.

Şonuň üçin diňe unutmak gerek,

Unutmagy başarşym deý gülmegi.

Goý, indi hiç mahal arzuw etmäýin,

Ýene gaýdyp seň dünýäňe gelmegi.

...Ýatdan çykdyň guýa gaçan iňňe deý,

Ýüregmiň üstünde köz goýup bölek,

Bulutlaram dagap gider ekeni,

Haçan-da göwünler bolanda bölek.

 

Şonuň üçin diňe unutmak gerek,

Unutmagy başarşym deý gülmegi.

Goý, indi hiç mahal arzuw etmäýin,

Ýene gaýdyp seň dünýäňe gelmegi.

...Ýatdan çykdyň guýa gaçan iňňe deý,

Ýüregmiň üstünde köz goýup bölek,

Bulutlaram dagap gider ekeni,

Haçan-da göwünler bolanda bölek.

 

Ogultäç ORAZTAGANOWA.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000