Edebiýat

Edebiýat
172 gün 21 sagat öň
Kalba dolýar bagtyýarlyk ylhamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşaýan ajaýyp eýýamymyzyň durmuş akymynda ylmy-nazary pikirleriň, ylmy-usuly işleriň hem-de ylmy taglymatlaryň esaslary işlenip düzülýär. Biz — ýaşlar Watanyň geljegi bolmak bilen, ýurduň ertirki ösüşini amal etmeli nesil. Biziň kalbymyzda ata Watanymyzy beýgeltmek, özümizden öňki nesilleriň gazanan ýeňişleridir ýeten sepgitlerini täze belentliklere götermek hyjuwy gaýnap joşýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy göwnümize bagtyýarlyk nuruny çaýdy. Ýurdumyzda söz ussady Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa egsilmezdir. Akyl­dar şahyryň döredijiligini wasp etmek, dünýä ýaýmak mukaddes işleriň biridir. Bu gün türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ähli meselelerini, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge çuňňur hem-de milli nukdaýnazardan çemeleşilýär. Bu babatda Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary taýsyzdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa diýseň ýokary. Şanly ýylymyzyň adynyň Milli Liderimiziň goşgusy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy biz — ýaşlarda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň täze, ajaýyp şygrynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Pähim-paýhasy özünde jemleýän bu ajaýyp goşgy Magtymguly Pyragynyň mertebesini has-da beýgeldýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» tassyklanylmagy hem munuň aýdyň güwanamasydyr.

Dünýä şygryýetiniň pälwany, türkmen şygyr şalygynyň kerwenbaşysy, hakyky watançy, beýik akyldar, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň kalbynda, aňynda galan döredijiligi ýyllaryň ýaňynda, asyrlaryň aňynda möhürlenip galypdyr. Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň özeni ýaşlara edep-terbiýe, öwüt-ündew bermek hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdedir.

Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary Magtymguly atamyzyň baý we köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapýar. Onuň ynsanperwer pikirleri bolsa Türkmenistan döwletimiziň syýasatynyň esaslaryny düzýär. Könelmejek şygryýet älemi bilen ynsan ýüreginde müdimilik orun alan, ýagşylyga ýugrulan eserleri bilen adamzat kalbyna giren şahyr uly bir nusgalyk mekdepdir. Ony her demde duýup ýaşamak bolsa biz — ýaşlaryň perzentlik borjumyzdyr.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri häzirki ajaýyp döwrümizde wysal boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Diýmek, her bir adam, ilki bilen, biz — ýaşlar, şu hili ukyplary ösdürmekde şygyr şalygynyň şasy Magtymguly Pyragynyň setirlerini özümize ýol-ýörelge edinmelidiris. Beýik Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňündäki wezipeleriň biri hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan, Magtymguly Pyragy atamyzyň ynsanperwerlik, watançylyk ideýalaryna ýugrulan ajaýyp setirlerinden ruhlanyp, ýaş nesliň ukyp-başarnygyny, döredijilik mümkinçiliklerini döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirmekden ybaratdyr.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toýlanyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen ýaşlarynyň akyldar şahyrymyzyň bitewülik, berkararlyk baradaky garaýyşlarynyň, özbaşdak, berkarar döwlet baradaky eden arzuwlarynyň adalatlylyga, asudalyga, bagtyýarlyga sary ýol alandygyny duýup ýaşajakdyklaryna, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýollary bilen deň gadam urjakdyklaryna berk ynanýarys. Çünki Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalbymyza bagtyýarlyk ylhamy bolup dolýar.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000