Edebiýat

Edebiýat
172 gün 21 sagat öň
Magtymguly — köňülleriň täji

Toý-märekelerde, üýşmeleňlerde adamlaryň arasynda bir zat barada jedel gidende, ylymly-bilimli, hat-sowatly adamlar: «Magtymguluda şeýleräk», «Pyragy şeýle diýipdir» diýse, şol ýerde jedeller kesilýär. Sebäbi halkymyz Magtymguly Pyraga, onuň pelsepewi pikirlere baý bolan şygyrlaryna bütin kalby bilen ynanýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymgulynyň döredijiliginde halkymyzyň dünýä hakyndaky oýlanmalarynyň, pikir-düşünjeleriniň çuňlugy we özeni jemlenendir.

Şahyr il-ulsuny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Halkyňa, ýurduňa bolan söýgi oňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydyr. Islendik meseläniň çözgüdi bolsa durmuş nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Il-günüň bähbidini öňe sürmek hakyky adamkärçiligiň beýik nusgasydyr. Bu bolsa oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydyr.

Halkyň ýaşaýyş-durmuşyndan söhbet açýan täsirli jümleler milletiň eserine öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýar. Magtymgulynyň edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyndan bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.

Watan bähbidini il-halk bähbidi bilen baglanyşdyrýan, halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýan ussat şahyryň her setiri ýaşlar üçin terbiýe mekdebidir. Ol «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy», «Ili gözlär», «Bilinmez» ýaly ençeme goşgularynda watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär. Ol şu hili eserleri bilen adamlarda öz ýurduna, iline söýgi, guwanç duýgularyny döredipdir. «Ýürekden aýdylan sözler ýürege ýeter» diýlişi ýaly, şahyryň her sözi köňül täjine öwrülýär.

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgaýandygy bilen tapawutlanýar. Alym Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edipdir» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Bu bolsa Magtymgulynyň goşgularyny okan her bir ynsanyň durmuşda gabat gelýän iň çylşyrymly ýollardan baş alyp çykmaklygyň aýdyň ýollaryny tapjakdygyna ynamy has-da artdyrýar.

Akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky öňdengörüji pelsepewi pikirler diňe bir döwre, bir halka degişli bolman, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir. Asyrlar geçen-de bolsa, şahyryň halkyna, geljegiň belent sepgitlerine, ýol-ýodalaryna arzuwy:

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» –

diýen öňdengörüjilikli setirlerinde jemlenendir.

Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan kämilligi, türkmen diliniň söz baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanylmagy olaryň halka täsirli bolmagyna getiripdir. Şeýlelikde, pelsepewi pikirler, dürdäne setirler sazlaşyp, many-mazmuny has-da belende göteripdir. Şeýle ussatlyk bolsa Watanyň waspyny ýetirmegiň belent nusgasyny görkezipdir.

Umuman, şahyr iň oňat häsiýetleri — watansöýüjiligi, mertligi, merdanalygy, gaýduwsyzlygy sözüň doly manysynda, döredijiligine siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu oňat häsiýetleri wagyz edýän goşgular asyrlardan-asyrlara aşyp, baky ýaşaýar. Adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýarýar, kalplary nurlandyrýar. Milli ýörelgelerimiziň rowaçlanmagyna, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegimize düýpli oňyn täsir edýär.

Maýsa KURBANOWA,

Mary welaýat prokurorynyň Hukuk

üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000