Edebiýat

Edebiýat
172 gün 19 sagat öň
Pyragyly bentler

Şygyrlaryna ýagşylyk ýar Pyragyň,

Diwanyna hemmler zar Pyragyň,

Kelamullaň şerhi bilen açylýan,

Şahyrana dünýäsi bar Pyragyň.

***

Söz salamaty bar Magtymgulynyň,

Şerh alamaty bar Magtymgulynyň,

Jebrut älemine aralaşmaga,

Hakdan halaty bar Magtymgulynyň.

***

Şirin güftarlygyň güýji berlipdir,

Söz oragnyň harman-çäji berlipdir,

Beýik şahyr Magtymguly Pyraga,

Şygyr şalygynyň täji berlipdir.

***

Kelam derejesi Arşyň destidir,

Hak sözüň yşkynda aşyk-mestidir,

Türkmeniň şahyry beýik Pyragy,

Şygyr dünýäsiniň Ewerestidir.

***

Bar halklara hormat goýduran şahyr,

Her sözün, setirin söýdüren şahyr,

Sözüň piri Magtymguly Pyragy

Geniler genisi diýdiren şahyr.

***

Ahlak gaznasyny alyp gelipdir,

Arşa-Perşe dowul salyp gelipdir,

Magtymguly dünýä diňe şahyr däl,

Täsin bir hadysa bolup gelipdir.

***

Aýtmagym wajypdyr — pendimi alsaň,

Diňlemek sogapdyr — sen gulak salsaň,

Magtymguly hakda gürläbermegin,

Gurhandan, hadysdan habarsyz bolsaň.

***

Menziline gelmekligem mümkin däl,

Makamyna galmaklygam mümkin däl,

Pyraga meňzemek beýlede dursun –

Kölegesi bolmaklygam mümkin däl.

***

Adamzadyň durmuşynyň zahyry,

Kitabynda dünýäň öňi-ahyry,

Magtymguly diňe türkmeniňki däl,

Bar halklaryň, hemme döwrüň şahyry.

***

Sözde kesgir päkiligi görünýär,

Dowamata çakylygy görünýär,

Kitabynda Magtymguly Pyragyň,

Şygryýetiň bakylygy görünýär.

***

Halkym Hakyň rehmetini görüpdir,

Idris kimin söhbedini gurupdyr,

Sözüň piri Magtymguly şahyry

Beýik Alla türkmenlere beripdir.

***

Başga ýola şonça uýup bolmaýar,

Öwrendikçe, elden goýup bolmaýar,

Açyp Gurhan bilen Magtymgulyny,

Näçe okasaň-da, doýup bolmaýar.


Didarberdi ALLABERDIÝEW

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000