Edebiýat

Edebiýat
132 gün 14 sagat öň
Poeziýa

Men, ejem hem pişigimiz

Dymyp otyrys telärde:

Men, ejem hem pişijegmiz.

Öz nanyny özi iýip

Ýaşap ýören kişiler biz.

 

Azarmyz ýok goňşulara,

Kesek atamzok naçara.

Gara gadyr däl ýat bilen,

Nätanyşam däl geçene.

 

Arzuwlarmyz ýönekeýje,

Uly söwdadan daşda biz.

Ýygnanýarys tünegmize

Alagaraňky düşse biz.

 

Ýagşy niýet, doga eýläp,

Şol gydyrdanyp ýörşümiz.

... Dymyp otyrys telärde:

Men, ejem hem pişijegmiz.

 

Mähremlik

 

Ömür düşelgäm.

Ahyrda ýetmeli pelläm.

Topragy basdym bagryma.

Toprak maňa nämährem däl.

 

Bir ýerlerde...

 

Bir ýerlerde öýjagaz bar:

Çyrasam bar, penjiresem,

Gapysy hiç gulplanmaýar,

Otaglara bölünmedik

Eýwany giň, gutarmaýar...

Bir ýerlerde öýjagaz bar.

 

Bir ýerlerde güljagaz bar:

Tikenem ýok, solanogam,

Sowuk sözem, ýalyn ýelem

Ony süllerdip bilenok.

 

Hakyt meň diýýän gülüm şol,

Hakyt meň söýýän gülüm şol.

Bir ýerlerde güljagaz bar.

 

Bir ýerlerde ýyldyzjyk bar:

Gijelerde, gündizlerde

Ýalkym saçýar, ýalkym saçýar.

Ony görüp bar ýyldyzlar

Hasam gözel nurun seçýär,

Tüýs meň diýýän ýyldyzym-da!

 

Bir ýerlerde ýyldyzjyk bar...

 

Eneme


Egniňde könelen ýeňsiz,

Ýüzüň ýygyrt-ýygyrt.

Başyňda saçlaň deý agaran öýme.

Bu gün äkidenok düýne.

 

Köne-küşül eşiklermi

Geýer-de çykar giderin.

Özüm-ä ýolsuz ýolagçy,

Men nirede, nämedeýin?

 

Emaý bilen sylýan maňlaýyň derin.

Elläp gataňsy elleriň

Gatan ýüregim ýumşaýar.

Eje, seret, hyýallamda,

Körpe melike ýaşaýar.

 

Ýellenipdir gabaklaryň,

Heý, garramak bormy beýle?

Egniňde könelen ýeňsiz,

Başyňda agaran öýme.

 

Men ak daglary gördüm

Daglar gara diýebilmen,

Men ak daglary gördüm.

Garalyga uýabilmän,

Men ak daglary gördüm.

 

Mähir tapman hüýlenýärkäm,

Yş gözläp ters aýlanýarkam,

Gök asmana şaýlanýarkam,

Men ak daglary gördüm.

 

Legzan açyp, ýer dyrmalap,

Goňur gözlermi sürmeläp,

Dähedem-dessem sülmüräp,

Men ak daglary gördüm.

 

Jümle bedenim çilede,

Indi ne arman didede,

Yşyksyz gara gijede,

Men ak daglary gördüm.


Suraý BABANYÝAZOWA.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000